Kazandaky Türkmen söwda öýi Astrahan sebitiniň portlaryndan ýük daşamagyň mukdaryny artyrmakçy

Kazandaky Türkmen söwda öýi Astrahan sebitiniň portlaryndan ýük daşamagyň mukdaryny artyrmakçy

Kazan şäherinde öz işine başlan Türkmen söwda öýi, Hazar deňzinde Astrahan sebitiniň portlaryndan ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak isleýär.

Bu barada Türkmendaşarysöwda döwlet kärhanasynyň wekili, Kazandaky Türkmen söwda öýüniň ygtyýarly wekili Begendik Artykow, Astrahan sebitiniň halkara gatnaşyklar gullugynyň başlygy W.W.Golowkow hem-de Astrahan deňiz porty paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Z.Aýupow öz aralarynda onlaýyn duşuşyk geçirdiler diýip, kazan.tmconsulate.gov.tm habar berýär.

Duşuşykda Astrahan portlarynyň infrastrukturasy esasynda harytlary wagtlaýyn saklamak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu onlaýn duşuşyk, Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň hemaýat bermegi bilen gurnaldy.

Baş konsullygyň pikiriçe, Begendik Artykow bu geljegi durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Astrahan sebitine baryp görmegi meýilleşdirýär.

Mundan ozal biz size Kazan şäherinde Türkmen söwda öýiniň açylandygy barada habar beripdik.

Şeýle-de okaň!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Äpet pandalar ýitip gitmekden halas edildi
Äpet hem owadan jandar
Jorjio Armani, modada we sungatda gazanylan üstünlik üçin Italiýanyň iň ýokary baýragy bilen sylaglandy