Äpet hem owadan jandar

Haýwanat dünýäsinde her bir haýwan özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Panda hem şolaryň biridir. Dünýäniň köp ýerine ýaýramadyk hem bolsa, bu jandar köpler üçin tanyş. Sebäbi bu täsin jandarlar barada düşürilen dokumental filmler az däl. Teleýaýlymdyr gazet-žurnallar arkaly köpçülige ýetirilýän täzeliklerde pandalara gabat gelmek bolýar. Şeýle hem bu jandarlara multfilm gahrymany hökmünde hem köp gabat gelinýär.

Öňki ýyllarda bu jandarlar nesli azalyp barýan haýwanlaryň hatarynda durýardy. Golaýda hytaýly bilermenler bu jandarlaryň sanynyň köpeldilendigini mälim etdi. Häzirki wagtda olaryň ýabany tebigatdaky sany 1 müň 800-e ýetirilipdir. Birnäçe ýyldan bäri bu jandarlaryň sanynyň köpeldilmegi üçin birnäçe işler geçirildi, ýaşaýan çägi giňeldildi. Olaryň iň halaýan iýmiti bolan bambuk tokaýlyklary döredildi. Bu bolsa oňyn netije beripdir.

Tebigy şertlerde pandalar Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatyndaky dag eteklerinde has köp gabat gelýär. Ýurtdaky pandalaryň 80 göterime golaýy bu sebitde ýaşaýar. Häzirki wagtda pandalara dünýäniň dürli ýurtlaryndaky haýwanat baglarynda hem ideg edilýär. Adatça bambuk jeňňelliginde ýaşaýan bu jandarlaryň sanynyň köpeldilmegi üçin tagalla edilýär. Ýurduň Çendu şäherindäki Wolong goraghanasynda panda saklanýar.

Süýdemdiriji jandar bolan pandalaryň agramy doglan wagty 100-150 gram bolýar. 1,5 ýaşyna ýetende 50 kilograma ýetýärler we eneleriniň ýanyndan aýrylýarlar.Köplenç bambuk ösümliginiň ýapragy we ýaş nahallary bilen iýmitlenýärler.

Olaryň iýmitiniň 99 göterimini bambuk emele getirýär.Pandalar balyk we beýleki kiçi jandarlary hem iýýärler.Aýynyň bir görnüşi bolan bu jandarlar günüň 12 sagadyny iýmitlenmäge sarp edýärler.

Olar her günde öz agramynyň 15 göterimi ýaly iýmit iýmeli bolýarlar.Pandalar ürkek haýwan hasap edilýär.Olar adamlaryň ýaşaýan ýerine golaý ýerlerden gaça durýarlar.Pandalar 35 ýyl töweregi ýaşaýar. 2700 ýyl mundan ozal ýazylan Hytaýyň geografiýasynda bu jandarlar barada agzalýar.

Hytaýda bu jandar agzybirligiň we dostlugyň nyşany hasaplanýar. Halkara gatnaşyklaryň ösmegi netijesinde XIX asyryň ahyrlarynda pandalar dünýäniň beýleki ýerlerine ýaýraýar. Oňa hytaýça beý-şung diýilýär, onuň manysy dagdaky ak aýy diýmekdir.

Öz owadanlygy bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýän pandanyň şekili ýabany durmuşy goramagyň Bütindünýä gaznasynyň (WWF) nyşanyny emele getirýär.

Ýene degişli makalalar

Äpet pandalar ýitip gitmekden halas edildi
Alabeder aýylaryň milli seýilgähi
Dünýäniň iň uly buz bölegi hereket edip başlady
Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda Türkmeniň ak öýi binasy açyldy
Dünýäniň iň uly astronomiýa muzeýi açylýar
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy