Kazyýet Günorta Koreýaly Ýun Sok Ýoluň tussag edilmegi bilen bagly karar kabul etdi

Kazyýet Günorta Koreýaly Ýun Sok Ýoluň tussag edilmegi bilen bagly karar kabul etdi

Günorta Koreýada kazyýetleriň biri wezipesinden çetleşdirilen ýurduň prezidenti Ýun Sok Ýoluň jedelleşikli ýagdaýda harby düzgün girizmek barada karar kabul etmegi sebäpli, tussag edilmegi barada karar çykardy.

Seulyň Günbatar etrap kazyýeti Bilelikdäki derňew merkezi tarapyndan tussag edilmegi baradaky talaby tassyklap, ýurduň taryhynda, wezipesinde bolan bir lider üçin kabul edilen ilkinji tussaglyk kararyny kabul etdi.

Ýuk Sok Ýol indi gozgalaň bilen bagly kazyýet işine sezewar galmagy ähtimal.

Ýene degişli makalalar

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolem wezipeden çetleşdirilme howpyny başdan geçirýär
Prezident Ýun düşündiriş bermäge çagyryldy
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda 'halkyň sesi hökmünde tanalýar', diňleýjiler goldaw beýan edýär
Balkanly ýaşaýjy ýerli häkimiýetleriň çykaran karary bilen ylalaşman, Aşgabatdan “haraý gözleýär”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Meksikada Şeýnbaumyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny tassykladylar