Kemeron Diaz sekiz ýyllyk arakesmeden soň kino dolanýar

Kemeron Diaz sekiz ýyllyk arakesmeden soň kino dolanýar

Amerikaly zenan kino ýyldyzy Kemeron Diaz sosial torlarda ýerleşdiren habarynda sekiz ýyllyk arakesmeden soňra kino dolanýandygyny buşlady diýip, CNN teleýaýlymy habar berdi.

49 ýaşly Diaz Netflix striming gullugynyň täze Ýene iş başynda (Снова в деле) atly filminde baş keşbi döreder. Onuň bilen bile aktýorlar Tom Bredi we Jeými Foks surata düşerler. Soňky gezek 2014-nji ýylda aktrisa Enni (Энни) atly filmde Jeými Foks bilen surata düşüpdi.

Jeými Foks, diňe sen meni hatara goşup bilersiň. Sabyr-takadym galmady, bu film, hakykatdanam, aňk ediji bolar! diýip, Diaz surata düşüriliş meýdançasyndan alnan suratyň aşagynda ýazan sözünde belleýär.

Täze filmiň ady we haçan prokata çykjakdygy gizlin saklanýar, emma filmiň režissýory Set Gordonyň surata alnyşa eýýäm öňdäki güýzde girişjekdigi belli. Bu barada MIR24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Terminator 40 ýaşynyň hormatyna prokata gaýdyp geler
Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Sörfing türgeni suwa çümmeýärmi?
“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabyny mälim etdi
NBA-da ilkinji gezek
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy berildi