“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabyny mälim etdi

“New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabynyň sanawyny neşir etdi.Gazetiň işgärleri tarapyndan awtorlaryň, tankytçylaryň we edebiýaty söýýänleriň arasynda 2000-nji ýyldan bäri neşir edilen iň oňat 10 kitabyň adyny tutmagyny haýyş edip, pikir soralyşyk geçirdi.

Netijede, sanawy düzmäge 503 töweregi adam gatnaşyp, olaryň arasynda Stiwen King, Jeýms Patterson, Sara Jessika Parker, Marlon Jeýms ýaly meşhur ýazyjylar we beýlekiler bar.

“Siz özüňiziň okamak isleýän kitabyňyza gabat gelersiňiz ýa-da ýene-de eliňize alyp görmek isleýän iň söýgüli kitabyňyza duşarsyňyz diýip umyt edýäris. Ozaly bilen, siz hem bu ýerde hödürlenen sesleriň, pikirleriň, tejribeleriň we arzuw-hyýallaryň giňligi bilen edil biz ýaly ruhlanarsyňyz we haýran galarsyňyz diýip umyt edýäris diýip, neşirde bellediler.

“New York Times”-yň iň gowy 100 kitabyň sanawynda Elena Ferranteniň “Meniň genial dostum” atly eseri birinji orunda durýar. Şeýle hem ilkinji onluga Izabel Wilkersonyň “Beýleki günleriň ýylylygy: Amerikanyň beýik göçüp barşynyň epiki taryhy”, Hilary Manteliň “Möjek zaly”, Edward Pol Jonsyň “Belli dünýä”, Jonatan Franzeniň “Düzedişler”, Roberto Bolanonyň “2666”, Kolson Waýthediň “Ýerasty demir ýoly”, Winfrid Georg Zebaldyň “Austerlis”, Kazuo Işiguronyň “Meni goýberme” we Merilin Robinsonyň “Galad” ýaly eserleri girdi.

Ýene degişli makalalar

GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmen pälwany bürünç medal aldy
Azerbaýjanyň baýdagyny basgylan 3 ermeni futbolçy tussag edildi
О встречах делегации Туркменистана с бизнес-кругами Франции
Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar
Туркменистан и Франция развивают партнерство в области транспорта и связи
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana iş sapary bilen bardy, Belarus ýokary okuw mekdepleri Aşgabatda geçirilen sergide bilim hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar, türkmen medeniýet we sungat ussatlary Wenada konsert bererler we beýleki habarlar