Keniýadaky internat mekdepleriň birinde ýangyn boldy

Keniýadaky internat mekdepleriň birinde ýangyn boldy

Keniýanyň merkezindäki internatlaryň birinde ýaşlary 10-14 aralygynda üýtgeýän çagalaryň galýan internadyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýüze çykan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 28 okuwçy ýogaldy, 27 okuwçy hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Keniýanyň wise-prezidenti Rigati Gaçagua ýangynyň ýüze çykan mahaly 150-den gowrak çaganyň ýatandygyny we takmynan 70 çaganyň häzirki wagta çenli tapylmandygyny mälim etdi.

Ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 28 okuwçy ýogaldy, 27 okuwçy hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Ýurduň Içeri işler ministri Kiture Kindiki käbir okuwçylaryň golaýdaky öýlere sygynandygyny, emma örän uly trawma başlaryndan geçirendiklerini aýan etdi.

Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek bilinenok.

Keniýanyň Milli jyns we deňlik komissiýasy umumy ýaşaýyş jaýlaryň hyryn-dykyndygyny we howpsuzlyk standartlaryna laýyk däldigini habar berdi.

Ülkäniň prezidenti William Ruto, ýangynyň elhençdigini we jogapkärleriň adalatyň öňüne çykaryljakdygyny beýan etdi.

Okuwçylaryň ene-atalary bolsa internat mekdebiň öňünde çagalaryndan habar garaşýar.

Ýene degişli makalalar

'Görülmedik' yssyda hassahana düşýän köp, tok kesilip, çydamsyz ýagdaý döreýär
Wekilbazardaky nebit bazasynda güýçli ýangyn boldy
Gündogar sebitde salgyt gullugynyň işgärleri 'barlag bahanasy bilen para soraýar' telekeçiler
Diňle: Ýangyn söndürijileriň 'gözgyny ýagdaýy' ýaşaýjylary gynandyrdy
Ýangyn söndürijileriň 'taýýarlygy' ýaşaýjylary ilki haýran galdyrdy, soň gynandyrdy
Howpsuzlygy üpjün edeliň!
Türkmenistanyň Prezidenti Gonkongda bolan ýangyn sebäpli Si Szinpine gynanç bildirdi