Keniýaly daýhanlar ekin meýdanlaryny goramak üçin arylary ulanýarlar

Keniýaly daýhanlar ekin meýdanlaryny goramak üçin arylary ulanýarlar

Keniýaly daýhanlar öz ekin meýdanlaryny pilleriň hüjüminden goramak üçin arylary eldekileşdirdiler diýip, Habar 24 ýazýar. Ýer eýeleri hasyly ýok edýän bu mähnet haýwanlardan goranmak üçin olaryň iň gorkýan jandary bolan arylary ulanýarlar.

Sebäbi ekin ýerlerini elektrik tokly germewler arkaly goramak başa barmady.Ekin meýdanlaryna giren dessine piller bu ýerdäki ary öýjüklerini basgylaýarlar, netijede, gahary gelen arylar hüwwe örüp, olara garşy hüjüme geçýärler.

Adam bilen arylaryň şeýle hyzmatdaşlygy Günorta-Gündogar Aziýada, mysal üçin, Taýlandda üstünlikli peýdalanylýar.

Jons Mwakima atly ýerli fermer bu barada şeýle gürrüň berýär: - Piller hasylyň 40 göterimini ýok edýärler, 60 göterimini basgylap haraplaýarlar. Şonuň üçin arylary ulanmak bilen hasylymyzy goraýarys. Men bu usuldan peýdalanýaryn, sebäbi daýhançylyk bilen maşgalamy ekleýärin.

Ýene degişli makalalar

Baýden Keniýany “NATO Agza Bolmadyk Esasy Hyzmatdaş” Hökmünde Yglan Etdi
Global ylmy çykdajylaryň 20 ýyllyk ösüşi
Türkmen resmileri Nipah wirusy bilen bagly çäreleri maslahat edýärler
Türkmen pedagoglary Nýu-Delide halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň we Taýlandyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi
Aşgabatda daşary ýurt ýyldyzlarynyň konsertlerine petekler satuwa çykaryldy, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleri, Aşgabat bilen Bangkokyň arasynda göni howa gatnawlary dikeldildi we beýleki habarlar