Aşgabatda daşary ýurt ýyldyzlarynyň konsertlerine petekler satuwa çykaryldy, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleri, Aşgabat bilen Bangkokyň arasynda göni howa gatnawlary dikeldildi we beýleki habarlar

Aşgabatda daşary ýurt ýyldyzlarynyň konsertlerine petekler satuwa çykaryldy, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleri, Aşgabat bilen Bangkokyň arasynda göni howa gatnawlary dikeldildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat bilen Bangkokyň arasynda göni howa gatnawyny dikeltdi. Milli awiakompaniýanyň ilkinji uçary 22-nji dekabrda türkmen paýtagtyndan Taýlanda ugrady. Aşgabat Bangkok Aşgabat ugry boýunça dowamly uçuşlar anna we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar.

2.Aşgabatda boljak daşary ýurt aýdymçylarynyň Täze ýyl konsertleriniň petekleri Gyşky oýunlar sport toplumynyň kassasynda satuwa çykaryldy.Petekleriň bahalary hatara baglylykda 100-den 150 manada çenli aralykdadyr. 24-nji, 25-nji we 26-njy dekabrda Aşgabatda daşary ýurtly ýyldyzlaryň — eýranly türkmen aýdymçysy Emin Raseniň, türk ýyldyzlary Burak Bulutyň we Kurtuluş Kuşunyň, şeýle hem russiýaly aýdymçy Nýuşanyň we rus estrada aýdymçysy Olga Şultaýsyň täze ýyldan öňki konsertleriniň geçiriljekdigini ýatladýarys.

Konsertleriň başlanýan wagty: 18:00.

3. 22-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda tamamlanyp barýan ýylda durmuş-ykdysady ösüşiň netijeleri we 2024-nji ýyl üçin meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýangyç-energetika toplumyny we senagat ulgamyny ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we öňde boljak birnäçe çäreler barada durlup geçildi.

4. Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalar tarapyndan dekabr aýynyň zähmet haklary doly tölendi. Şunuň bilen birlikde, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary hem doly maliýeleşdirildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Hökümetiň mejlisinde hasabat berdi.

5. Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň düzümleýin bölümleriniň ýolbaşçylary sanly wideo aragatnaşyk arkaly maglumatlar pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça maslahat geçirdiler. Diplomatlar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň metbugat gulluklarynyň işi, ikitaraplaýyn görnüşde we halkara platformalarynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

6. Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigi geçiriler. Bäsleşik beýik türkmen şahyry we akyldarynyň ýubileýi mynasybetli halkara derejede geçirilýän çäreleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen guralar

Dünýäde

7. Ginnesiň rekordlar kitaby gadymy Paratetis deňzini Ýer planetasynyň taryhyndaky iň uly köl hökmünde resmi taýdan ykrar etdi. Kölüň göwrümi 2021-nji ýylda kesgitlenipdi, ýöne rekordyň tassyknamasy ýaňy-ýakynda peýda boldy. Alymlar Paratetisiň suwunyň 2,8 million inedördül kilometr meýdany eýeländigi baradaky netijä geldiler. Bu häzirki Ortaýer deňziniň meýdanyndan hem has uludyr.

8.Hytaýly inžener-himikler aerogel materialyndan öndürilen täze dokma önümi işläp düzdüler, onuň ýylylygy saklamak häsiýeti pagtadan, ýüňden we sütükden has ýokarydyr.Synaglaryň netijesinde egin-eşik we beýleki dokma önümlerini öndürmek üçin ulanyp boljak inçe we çeýe süýüm alyndy.

Bu süýümden öndürilen switer 20°C çenli temperaturada ýylylygy saklaýar.Mundan başga-da, ol 10 müň gezege çenli dartylsa-da, uly zyýan çekmeýär.

Sport habarlary

9.Türkmen boksçysy Ýunus Gurbanow professional ringde ikinji ýeňşini gazandy.Ol Moskwada geçirilen Pravda Boxing ýaryşynyň çäklerinde ýarymagyr agram derejesindäki tutlyşykda russiýaly Sergeý Seliwerstowy 4-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.

Gurbanowyň üstünlikleriniň sanawynda indi 2 ýeňiş bar, olaryň ikisi hem tehniki nokaut bilen gazanylandyr.Gurbanowyň 31 ýaşyndadygyny, onuň boks boýunça Türkmenistanyň sport ussatlygyna dalaşgär derejesiniň bardygyny we Gala Sports Management promouter agentliginiň türgenidigini bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Bangkok şäherinde UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistan Hereketleriň Wena Maksatnamasy boýunça duşuşyga gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti raýat ýagdaýynyň namalary bilen bagly sebitleýin duşuşyga gatnaşdy
Taýlandda uçuşdan öň ýolagçylaryň agramyny çekip başladylar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar
26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal