Kerki şäherinde täze, döwrebap dermanhana açyldy

Kerki şäherinde täze, döwrebap dermanhana açyldy

Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Tebigat çeşmesi hususy kärhanasynyň dermanhana şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, täze, döwrebap dermanhana Kerki şäherindäki bu ugra degişli düzümleriň üstüni ýetirdi.

Dermanhananyň umumy eýeleýän meýdany 500 inedördül metr bolup, ol ilata derman serişdeleri bilen baglanyşykly hyzmatlary ýola goýýan ugurdaş desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär. 1 gatly dermanhanada derman serişdeleriniň, lukmançylyk enjamlarydyr önümleriniň hem-de ammar bölümleri bar.

Dermanhananyň tehniki taýdan hem-de derman serişdeleridir lukmançylyk enjamlary bilen üpjünçiligi babatda hemme zerurlyklar göz öňünde tutulypdyr.Onda dermanhana bölümleri hem-de töleg nokatlary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, sanly ulgama birikdirilipdir.

Täze dermanhana Türkmenistanda öndürilen, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemler, derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy öndürijileriniň derman serişdeleridir lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Onda döwlet tarapyndan bildirilýän möhüm talaplara laýyklykda, önümleriň ýokary hilli we elýeterli bolmagyna uly ähmiýet berilýär. Dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerden ybaratdyr.

Täze dermanhananyň açylyş dabarasynda welaýatyň medeniýet-sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar döwrebap derejede gurlan dermanhananyň iş şertleri bilen tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Balkanyň häkimiýetleri kafelere duýduryş paýlap, “soňky jaň” oturyşlyklarynyň öňüni almaga çalyşýar
Aşgabatda möwsümleýin dümew keseliniň täze tolkuny ýaýraýar
Dostlukly Zähmet dermanhanasy saglyk we gözellik harytlarynyň köp görnüşlerini hödürleýär
Dostlukly Zähmet dermanhanasy: türgenler we işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlar üçin harytlar
Dostlukly Zähmet dermanhanasy Aşgabadyň 15-nji tapgyrynyň ýaşaýjylaryna mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
Dostlukly Zähmet dermanhanasy öý üçin lukmançylyk enjamlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär
Türkmenbaşyda üç görnüşli antibiotik derman serişdesiniň satuwy gadagan edildi