KHBS: Mbappe Reala geçmegi saýlady

KHBS: Mbappe Reala geçmegi saýlady

Fransiýanyň PSŽ klubynyň hüjümçisi Kilian Mbappe şu möwsümden soň Madridiň Realyna goşular. Bu barada Foot Mercato neşiri habar berýär.

23 ýaşly hüjümçi şu ýylyň tomsunda Pariž şäheriniň kluby bilen hoşlaşar. Şeýlelikde, ol 1-nji ýanwardan başlap, başga klublar bilen gepleşikleri geçirmek hukugyna eýe boldy.

Öňräk metbugat sahypalarynda Realyň Mbappeden ýanwar aýynyň ahyryna çenli kesgitli karara gelmegini sorandygy habar berlipdi. Hüjümçi belli bir netijä gelip, futbol ýoluny Korollyk klubynda dowam etdirmek niýetine geldi.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Mançester Sitiniň ýarym goragçysy Rodri 2024-nji ýylyň Altyn topuna mynasyp boldy
29-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary