Kino ýyldyzlary Burak Özçiwit, Sami Naseri Türkmenistanda film festiwalyna gatnaşarlar

Kino ýyldyzlary Burak Özçiwit, Sami Naseri Türkmenistanda film festiwalyna gatnaşarlar

Şu hepde “Arkadagyň säheri” atly film festiwalyna gatnaşmak üçin kino ýyldyzlary Burak Özçiwit we Sami Naseri Türkmenistana gelerler. Bu film festiwalyna Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem meşhur aktýorlar we režissýorlar gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly sişenbe güni habar berdi.

Türkiýeli kino ýyldyzy Burak Özçiwit esasan “Gara Söýgi” we “ Ajaýyp ýüz ýyl” teleseriallarynda janlandyran keşpleri bilen tanaldy. Häzirki wagtda Burak Özçiwit “Döreýiş: Osman” teleserialynda Osmanly döwletiniň esaslandyryjysy Osman Gazynyň keşbini ýerine ýetirýär.

IMDb saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, Burak Özçiwit 1984-njy ýylyň 24-nji dekabrynda doglan. Ol 2017-nji ýylda türk kino ýyldyzy Fahriýe Ewjen bilen durmuş gurdy. Olaryň Karan we Kerem atly iki ogullary bar.

Taksi filmleriniň baş gahrymany, fransuz kino ýyldyzy Sami Naseri 1961-nji ýylyň 2-nji iýulynda Parižde dünýä inýär. Ol 2006-njy ýylda Kann film festiwalynda “Iň gowy aktýor” baýragyna eýe bolýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda “Arkadagyň säheri” atly film festiwaly 14-15-nji oktýabrda geçiriler. Festiwala hödürlenen filmleriň görkezilişi Arkadag we Aşgabat şäherleriniň kinoteatrlarynda bolar. Festiwala beýleki ýurtlardan hem kino sungatynyň tanymal wekilleri emin agzasy we hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda film festiwaly geçiriler
Burak Özçiwit Türkmenistana geler
Kanani Cafi: Zalymlykly sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy ýadro gepleşikleriniň esasy maksady
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Yslam Eýranyň döwleti we halky kanuny hukuklaryndan geçmez
Soňky günlerde Tripolide bolan çaknyşyklara Eýranyň alada bildirmegi
Amerikanyň Siriýada bikanun bolmagyna we toslamalaryna Eýranyň reaksiýasy