Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda hemişelik okyjylarynyň arasynda “Kitap adamyň ruhy hemrasy” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitap okamagyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi.Hünärmenlerimiz dynç alyş günlerinde kitap okamak, kitaphanalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak babatda höweslije çagalara ündew etdiler. Çagalar kitap dükanyndan isleg bildirýän kitaplarynyň ençemesini satyn aldylar. Ýene-de ençeme kitaplary kitaphanamyzyň okyjylar zalyna gelip okajakdyklaryny uly höwes bilen aýtdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň kitap bilen, kitaphanalar bilen dostlaşmagy, dynç alyş günlerini peýdaly zatlar öwrenmäge sarp etmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
