Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana işgärleri Altyn asyr:Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan taýýarlyk işleri hakynda teleýazgy etdiler.Hünärmenler çykyşlarynda: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly atmyradyň mekany ýylynda her bir günümiziň täze ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenip gelýändigini nygtamak bilen, ýurdumyzda uludan toýlanjak dabaralar mynasybetli geçiriljek çäreler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän uly taýýarlyklar hakynda söhbet etdiler. Çykyş edenler söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy bilen gutladylar.
