Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan golaýda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda “Kitap - adamzadyň köňül nagşydyr” atly ýaşlarda kitap okamaga söýgi döretmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Körpe kitap söýüjilere diňe mekdep möwsüminde dal, eýsem, dynç alyş günlerinde hem kitapdan üzňe bolmazlyk, çagalaryň kitap bilen dostlaşmagyny gazanmak kitaphanaçylaryň esasy wezipesidir. Çagalaryň durmuşynda kitap dükanlaryna baryp görmek, kitaplar bilen tanyşmak olaryň diňe bir sowatlylygyna däl-de psihologiýasyna, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine täsir edýär. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza kitaba sarpa goýýan jemgyýeti kemala getirmeklikde durmuşa geçirýän asylly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
