Kitap okamak dünýäni öwrenmek

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi 97-nji çagalar bakja-bagynda “Kitap okamak dünýäni öwrenmek” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady.Bu çeper okaýyşda we göçme kitap sergisinde çagalara türkmen ertekileri sesli okalyp berildi. Çagalaryň edepli-ekramly bolmagy üçin kitap okamaklygyň uly ähmiýeti bardyr. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr
Ýaňlansyn dünýäde çaga gülkisi
Haly türkmeniň kalby
Çagalaryň hoş owazy durmuşyň bagt sazy
Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary
Bagtyýar çagalar köňülleriň buýsanjy