Kitap-paýhas çeşmesi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Kitap-paýhas çeşmesi“ atly söhbetdeşlik geçirildi. “Aşgabat” teleýaýlymynda ýazgy edilen söhbetdeşligiň başynda Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Altyn Bäşimowa, Gülaýym Saparmedowa, Enejan Aşyrgeldiýewa dagylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän üstünlikler, milli mirasymyzy, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmaga, okyjylary kitap okamaga çekmek boýunça kitaphanalarda alnyp barylýan işler, döredilýän giň mümkinçilikler dogrysynda gürrüň berdiler.

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, ata Watanmyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermek uly mertebe we bagtdyr.Kämillik ýolunda ynamly öňe barýan, dogumdan don geýen türkmen ýaşlary bu bagtyýarlygyň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan, ajaýyp eserlerini ýol ýörelge, şamçyrag edinýärler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde edýän tagallalary üçin, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Deňizden öwser ýeli türkmeniň