Kitap ynsanyň dosty

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Durmuş ýoly kitap bilen başlanýar” atly edebiýat agşamynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Kitap ynsanyň dosty” atly sergi gurnaldy.

Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, türkmen edebiýatynda yz goýan ýazyjy- şahyrlarymyzyň eserleri, tanymal ýazyjylara bagyşlanyp ýazylan bibliografik görkezijiler, gollanmalar ýerleşdirildi.Bu kitap sergisi dabara gatnaşan talyp ýaşlarda we okyjylarda uly täsir galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Durmuş ýoly-kitap bilen başlanýar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly
"Il üçin dogrupdyň, düşün ahyry..."