KITAPHANALAR PÄHIM-PAÝHASYŇ ÇEŞMESIDIR

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Kitaphanalar pähim-paýhasyň çeşmesidir atly gürrüňdeşlik geçirildi.Gürrüňdeşlikde Kitaphana işi jemgyýetiň bilim derejesini ýokarlandyrmakda, şahsyýetiň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir.Kitaphana işiniň döwrebap maksatlary bolup, kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemleýär.

Elektron kitaphanalar we maglumat gorlary nesiller üçin bilim almagyň möhüm çeşmesidir.Kitaphanalar diňe bir bilim merkezi bolman, eýsem, medeni-mirasy özünde jemleýär.Döwrebap kitaphanalar, okamak medeniýetini ösdürmekde möhüm orun eýeleýänligi barada kitaphana gelen talyp ýaşlaryň arasynda giňişleýin gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

KITAPHANA SYÝAHAT
AHLAK TERBIÝESI YNSAN GÖZELLI
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
Kitaphana syny
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda
KITAPHANAÇYLAR BILEN GEÇIRILEN MASLAHAT