Kiwiniň peýdalary

Kiwiniň peýdalary

Düzüminde andioksident mukdary ýokary bolan kiwi; J witamini, diýeta süými we gerek bolan azyk aýratynlyklaryny özünde jemleýar. Düzüminde 92,7 mg. J witamini bardyr. Şol sanda kaliý, demir, magniý, fosfor, potasium ýaly elementleri özünde jemleýär.

Demgysga kesellileri üçin peýdaly

J witamini we antioksidentler taýdan düzümi baý bolan kiwi, demgysga kesellilerindäki dem alyş ýetmezçiligini azaldýar. Kiwiniň demgysma bolan peýdasy çagalarda has netijeli.

Aşgazany goraýar

Reflýu, ülser we gastrit ýaly hassalyklaryň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Kiwi özboluşlyklary bilen alkali gurluşa eýe bolandygy üçin aşgazan üçin peýdalydyr.

Duýgu kadasyzlygyna peýdalydyr

Kiwiniň düzüminde bagtlylyk gormony serotonin bardyr. Şol sebäpli kiwi bagtlylyk gormonynyň işlenip çykarylmagy arkaly depressiýadan goraýyjy aýratynlyga eýedir.

Immuniteti güýçlendirýar

J witamininiň esasy peýdalarynyň biri hem immuniteti güýçlendirmegidir.

Gany saplaýyjy aýratynlygy bardyr

Siňdiriş ulgamyny kadaly işledýär.

Kiwiniň siňdiriş ulgamyna peýdalylygy ereýän we eremeýän süýmlerden gelip çykýar. Ereýän süýmler, içegeleriň sagdyn işlemegi üçin gerek bolan peýdaly bakteriýalaryň işlenip çykarylmagyny üpjün edýär. Eremeýän süýmler bolsa suwy özünde saklap, buşukmany ýeňilleşdirýär.

Ýürek üçin peýdaly

Antioksidentleriň, potasiýniň we süýmleriň ýürek üçin peýdalydygy bilinýär. Potasiý gan damarlarynyň gowşamagyny we ganyň basyşynyň kadalaşmagyny üpjün edýär. Kaloriýasy az bolan kiwi, peýdaly holesterini ýokarlandyrýar.

Rak keselinden goraýyjy täsiri bar

Kiwiniň süýmli gurluşy ýogyn içege ragyndan goranmak üçin peýdalydygy anyklandy.

Horlanmagy ýeňilleşdirýar

100 gramy 61 kaloriýa bolan kiwi, sözüň doly manysynda berhiz tutýanlar üçin maslahat berilýar. Esasanda süýmleri sebäpli iýmitlenme sanawyňyza goşuň. Horlanmagyňyzy ýeňilleşdirýän kiwi, süýmli düzümi bilen sizi uzak möhletde dok saklar.

Derimiz üçin peýdaly

Kiwi adamyň derisi üçin iňňän peýdalydyr. Deriniň hologen dokumasyny artdyryp, tykyzlaşmagyny üpjün edýär. Deriniň çyglylygy kadalaşmak üçin hem peýdaly.

Saç üçin peýdaly

Düzüminde J we E witamini bolan kiwi, saçyň dökülmeginiň öňüni alýar. Magniý, potasiý we sink bolsa gan akyşyny kadalaşdyryp, saçyň ösmegini üpjün edýär.

Göz üçin ýaramly

Kiwiniň düzümindäki elementler göz hassalyklarynyň öňüniň alynmagy we gözüň ýitiligi üçin peýdalydyr.

Göwreli aýallaryň iýmitlenmegi üçin peýdalydyr

Kiwiniň göwreli aýallar üçin peýdalylygy düzümindäki falotdan gelip çykýar.

Süňküň sagdynlygyny goraýar

Kiwi, düzümindäki K witamini bilen süňküň sagdynlygyny goraýar. K witamininiň ýany bilen kaliý we fosfor elementleri hem süňküň bekligi üçin peýdalydyr.

Iriňlemäni aýyrýar

Kiwi, iriňleri aýyryp, onu guradýar. Bogun agyrylaryna peýdalydygy bilinýär.

Kiwiniň sarp edilmeginde nämelere üns berilmeli?

Ýene degişli makalalar

Jennet hurmasynyň (Trabzon) peýdalary…
Zeýtun ýapragynyň çaýynyň peýdalary…
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
“Begenç” hususy kärhanasy antifriz önümini Özbegistana eksport etmekçi
Ýürek üçin peýdaly iýmitler we hoşboý ysly ösümlikler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň 10-njy ylmy makala ýygyndysy neşir edildi
Russiýada demir ýol ýük daşamalary üçin nyrhnamalar 8% ýokarlandy