Kiýewe Rus Goşuny Tarapyndan Howa Hüjümi Guraldy

Kiýewe Rus Goşuny Tarapyndan Howa Hüjümi Guraldy

Ukrainanyň paýtagty Kiýewe rus goşuny tarapyndan howa hüjümi guraldy.

Ukrainanyň howa goranyş güýçleri tarapyndan 40-dan gowrak nyşana howada hatardan çykaryldy.

Kiýew şäheriniň harby dolanşyk edarasyndan berlen beýannamada, rus goşunynyň paýtagt Kiýewe ýaňadandan howa hüjümini gurandygy nygtaldy.

Beýannamada, ertiriň irki sagatlarynda rus güýçleriniň raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen Kiýewe hüjüm gurandygy bellenildi.

Russiýanyň diňe maý aýynda paýtagda 15 howa hüjümini gurandygy ýatladyldy.

Beýannamada, Kiýewe hüjüm guran 40-den gowrak nyşananyň Ukrainanyň howa goranyş güýçleri tarapyndan howada hatardan çykarlandygy bellenildi.

Şäher häkimi Witaliý Kliçko, sosial mediadan beren habarnamsynda, howada hatardan çykarlan raketaalryň käbir bölekleriniň birnäçe etrapçada infstruktura zeper ýetirendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa, Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Şoýgu Fransuz Kärdeşine Duýduryş Berdi
Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýa we Ukraina uçar heläkçiligi bilen bagly biri-birlerini günäkärleýärler