Klassiki saz konsertleri arakesmeden soň Aşgabadyň medeni durmuşyny janlandyrýar

Klassiki saz konsertleri arakesmeden soň Aşgabadyň medeni durmuşyny janlandyrýar

Aşgabatda klassiki aýdym-saz konsertleri gaýtadan başlandy. Paýtagtyň aýdym-saz söýüjileri iki hepdäniň içinde azyndan üç aýdym-saz çäresine baryp görmäge mümkinçilik aldylar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 15-nji we 16-njy aprelde Türkmen milli konserwatoriýasynyň binasynda geçirilen konsertlere gatnaşyp, bu medeni çäreler barada habar berdi.

Apreliň ikinji ýarymynda, ýene bir karantin arakesmesinden soň, Maýa Gulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we okuwçylary üç sany konsert bilen klasiki saz muşdaklaryny begendirýärler.

15-nji aprelde Türkmenistanyň Hormatly sungat işgäri, baýry mugallym, türkmen gyjak mekdebini esaslandyryjy Nikolaý Artemiýewiç Amiýantsyň hormatyna konsert geçirildi. Ussat 60 ýyldan gowrak wagt bäri döredijilik işlerini aýdym-saz mekdebinde okatmak bilen utaşdyryp alyp barýar.

Konsertde A.Nurmyradowanyň ýerine ýetirmeginde Wagneryň “Albom sahypasy” romansy, M. Çaryýewiň ýerine ýetirmeginde Paganininiň “Kampanella”, M.Dollyýewiň ýerine ýetirmeginde Haçaturýanyň “Tans”, A.Şapoşnikowyň “Goşgy”, B. Dolyýewiň ýerine ýetirmeginde Sarasateniň "Sigan mukamlary" ýaly eserleri diňleýjilere hödürlendi. M. Çaryýew, O. Ýazowa, O.Nuryýewa we D.Dowletow Çaýkowskiniň "Kwartet nomer 2" eserini ýerine ýetirdiler.

Gynansagam, 87 ýaşly ussadyň özi, saglyk ýagdaýy sebäpli konserte gatnaşyp bilmedi. Bu konsert ýaş okuwçylar üçin meşhur mugallymyň döredijilik terjimehaly, dürli nesil okuwçylarynyň ýatlamalary bilen tanyşdyrmak maksady bilen guraldy, şeýle hem Amiýantsyň "skripka mekdebiniň" wekilleriniň ýerine ýetiriş ukyplaryny görkezdi.

Rowaýata öwrülen bu mugallym öz ýurdunda we daşary ýurtlarda meşhurlyk tapan gyjakçylaryň ýüzden gowragyny okadyp, taýýarlady. Olaryň köpüsi, öz mugallymy ýaly konsert çykyşlaryny pedagogiki işleri bilen üstünlikli birleşdirýärler.

Kosnertde N.A. Amiýantsyň iň ýaş okuwçysy Italiýada geçirilen “VI Rim halkara aýdym-saz bäsleşigi” festiwalynyň Gran Pri ýeňijisi bolan Aýbolek Mukyýewa Gaýdnyň eserini ýerine ýetirdi.

Ertesi gün, 16-njy aprelde awstriýaly kompozitor Jozef Haýdnyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan uly tematiki konsert geçirildi.

Döredijilik tematiki konsertleriniň köpüsinde bolşy ýaly, ony tükeniksiz döredijilik güýjüne eýe bolan "konserwatoriýanyň hoşgylaw saz jadygöýi" Stella Wladimirowna Faramazowa gurady. Ol bütewi bir döredijilik hyjuwy bilen ussat-halypalary, ýagny hormat we at gazanan sungat işgärlerini, laureatlary we ýaş ýerine ýetirijileri, şol sanda iň kiçijikeri birleşdirip, ylham bermäge we aýdym-saz “Olimpyna” çykarmagy başarýar.

Amannazar Arslanow (fortepýano) “Sonata si minor bölüm 1", Emir Baýramgeldiýew (fleýta), Stella Faramazowa (fortepýano) we Jemal Atajanowa (gyjak) “Adagio” we "Sonata nomer 8.1" eserini ýerine ýetirdiler.

Soňra tomaşaçylar Bahar Durdyýewanyň nemes dilinde ýerine ýetiren “Wepalylyk” we “Parlak gözler” romanslaryny diňlediler. Ýaş pianoçy Ýaşmyradow “Sonata do mažor" eseriniň birinji bölümini hödürledi. Konserti Aýbolek Mukyýewa (gyjak), Kakageldi Hojalekow (wiolonçel) we Stella Faramazowa (piano) dowam etdirdi.

"Möwsümler" oratoriýasyndan ariany mahmal sesli soprano Gulnar Nuryýewa tarapyndan ýerine ýetirildi.

Konsertiň güýçli jemleýji eseri hökmünde Dowletmämmet Okdyrowyň ýolbaşçylygyndaky we mugallymlar tarapyndan güýçlendirilen "Ylham" atly student orkestriniň çykyşy hödürleni. Solistler Wladimir Mkrtumow ("Konserto de mažor") we Didar Ýomudow ("Goboý üçin konsert. 1 bölüm" we "Simfoniýa nomeri 8.1 bölüm") boldular.

Konsertleriň döredijilikli aýdym-saz atmosferasynyň joşguny ýerine ýetirijileri we dürli ýaşdaky minnetdar, yhlasly tomaşaçylary “serhoş” etdi we konsertlere baýramçyly teşneligi bilen gelenleri birleşdirdi.

Ýene bir medeni çäre Tahyr Ataýewiň orkestriniň “Jadylaýjy sesleriň gözelligi” atly konsert 30-njy aprelde bolar. Dirižer Baýmyrat Gutlymyradow. Tomaşaçylar Karl Filip Emmanuel Bahyň “5-nji simfoniýasy”, W. A. Motsartyň “Adagio we Fugue” we P. I. Çaýkowskiniň “Florensiýanyň ýatlamalary” ýaly eserlerini diňläp bilerler.

Mundan öň Aşgabadyň aýdym-saz söýüjileri klasiki aýdym-saz konsertlerini mart aýynda diňläp bildiler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Aşgabatda Mosartyň eserleri ýaňlandy
Aşgabatda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar
Aşgabatda operetta agşamy geçiriler
Aşgabat Halkara aýdym-saz gününi konsert bilen belledi
Aşgabat Halkara aýdym-saz gününi konsert bilen belledi