Klimatologlar daglardaky garlyklaryň azalandygyny anykladylar

Klimatologlar daglardaky garlyklaryň azalandygyny anykladylar

Soňky iki onýyllygyň dowamynda daglardaky garlyklaryň tutýan meýdany görnetin azaldy. Bu barada makala Scientific Reports neşirinde çap edildi. Eurac ylmy-barlag merkeziniň alymlary daglaryň ählumumy maýlamadan görnetin zyýan çekendiklerini belleýärler. Olaryň aýtmagyna görä, bütin dünýäde daglardaky garlyklar çalt azalýarlar, netijede, belentliklerdäki saklanýan garyň ömri takmynan 15 güne çenli kemelipdir.

Emeli hemralar arkaly düşürilen fotosuratlardyr maglumatlar soňky 40 ýylda daglaryň gar ýapynjalarynyň çäginiň her ýylda ortaça 3,6 göterim azalýandygyny görkezdi. Bu ýagdaý, esasan, Kanadanyň we Ýewraziýanyň sebitlerinde hasaba alyndy, ol ýerlerde garlyk ýerleriň ortaça tutýan meýdany 8,2 göterime çenli azalypdyr.

Ylmy-barlaglary geçirenler şeýle özgerişlikleriň tebigatda suw aýlanyşygyna ýaramaz täsir edýändigini bellemek bilen, gar suwunyň hasabyna ýaşaýan we ony sowukdan goranmak üçin peýdalanýan ösümliklerdir jandarlaryň sanynyň azalmagyna getirip biljekdigini aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Britaniýanyň “Triwandi Çanzo” kompaniýasy Oýunlarda doping-barlag üpjünçilik düzüminiň biridir
25.09.2017 | Türkmenistanyň dopinge garşy agentligi Merkezi Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeleýär
Pingwin sürüsi tapyldy
22.07.2018 | Marynyň çagalar hassahanasy ýokary takyklykdaky kesel anyklaýyş we iň täze bejeriş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy
Marynyň çagalar hassahanasy: ösüp gelýän nesliň abadançylygynyň hatyrasyna ýokary ölçegler
Wodorod ýangyçly beket