Klubuň rekordyny goýdy

Angliýanyň “Premier Ligasynyň” wekili “Brentford” topary çempionatyň başga bir kluby “Wulwerhemptondan” goragçy Natan Kollinzi transfer etdi. “Brentford” topary 22 ýaşyndaky irlandiýaly goragçy üçin “Wulwerhempton” toparyna 23 million funt sterling tölär. Bu bolsa Brentford toparynyň taryhyndaky iň gymmat transfer diýmekdir. Natan Kollins täze kluby bilen 6+2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol geçen möwsümde 31 oýunda meýdança çykypdy.

Ýene degişli makalalar

“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
Çelsi ýene-de ýeňildi
Arsenal birinjiligi elden bermedi
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
APL: Mançester Siti birinji orna geçdi