APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda

APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda

Biraz ozal Angliýanyň premýer-ligasynyň üçünji tapgyryndan orun alan soňky duşuşyk tamamlandy.Tapgyryň ahyrky oýnunda Tottenhem Nottingem Forestiň myhmany bolup, Garri Keýniň 5-nji we 81-nji minutlarda uran gollary bilen 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Mundan başga-da, şu gün ýene iki duşuşyk geçirilip, West Hem myhmançylykda Aston Willany Fornalsyň 74-nji minutdaky golunyň hasabyna minimal hasapda ýeňlişe sezewar etdi.Wulwerhempton — Nýukasl gapma-garşylygynda bolsa taraplar utuk paýlaşmaga kaýyl boldular.

Oýnuň 38-nji minutynda Neweş tapawutlanyp, ýer eýelerini hasapda öňe çykardy, 90-njy minutda Sen-Maksimeniň goly bolsa myhmanlary ýeňlişden halas etdi. Şeýlelikde, üçünji tapgyrdan soňra heniz utuk ýitirmedik Arsenal 12 utuk bilen turnir tablisasynda ýeke-täk lider bolup dur. 10 utukdan toplan Mançester Siti, Tottenhem we Braýton toparlary 2-4-nji ýerleri paýlaşýarlar.

Turnir tablisasynyň soňky üç basgançagy bolsa häzirlikçe Ewerton, Wulwerhempton (ikisinde hem 2 utuk) we Lester (1 utuk) toparlaryna degişli.Iň netijeli oýunçylaryň sanawynda 6 gol bilen Mançester Sitiniň 22 ýaşly hüjümçisi Erling Holand kerwenbaşylyk edýär.

Üçünji tapgyryň ähli netijeleri:

Sauntgempton — Mançester Ýunaýted 0:1; Brentford — Ewerton 1:1; Çelsi — Lester 2:1; Liwerpul — Bornmut 9:0; Mançester Siti — Krysatl Pelas 4:2; Braýton — Lids 1:0; Arsenal — Fulhem 2:1; Wulwerhempton — Nýukasl 1:1; Aston Willa — West Hem 0:1; Nottingem Forest — Tottenhem 0:2.

Ýene degişli makalalar

Arsenal birinjiligi elden bermedi
Çelsi ýene-de ýeňildi
APL birinji tapgyr: Liwerpul utuk ýitirdi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
APL: Arsenal arakesmeden öň arany açdy