Çelsi ýene-de ýeňildi

Çelsi ýene-de ýeňildi

30-njy awgustda Angliýanyň premýer-ligasynyň bäşinji tapgyry badalga aldy.Tapgyryň çäklerinde düýn duşuşyklaryň dördüsi geçirildi.Günüň iň garaşylmadyk netijesi hökmünde Çelsiniň myhmançylykda ýeňlişe sezewar bolmagyny görkezip bolar.

Aristokratlar bäşinji tapgyrda Sauntgempotonyň myhmany bolup, 2:1 hasabynda asgyn geldiler.Duşuşykda Rahim Sterling 23-nji minutda myhmanlary öňe çykaran hem bolsa, Lawiýanyň 28-nji, Adam Armstrongyň 45+1-nji minutda ýollan dürs urgusy ýeňşiň ýer eýeleriniň tarapyna agmagyna şert döretdi. Şeýlelikde, Tomas Tuhelden tälim alýan Çelsi APL-yň ilkinji bäş tapgyrynda eýýäm ikinji gezek ýeňlişiň tagamyny dadyp gördi.

Günüň ýene bir dartgynly oýnunda Fulhem Braýtony kabul edip, 2:1 hasabynda üstün çykdy.Fulheme ýeňiş getiren gollaryň birinjisini 48-nji minutda derwezä ýollady, ikinji gol bolsa säwlikde öz derwezesine top salan Lýuis Dankyň adyna ýazyldy.

Braýton bu gollara diňe bir gezek Aleksis Makallisteriň 60-njy minutdaky dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen jogap berdi. Şunlukda, Braýton möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Mundan başga-da, düýn Krystal Pelas Brentford bilen, Lids Ewerton bilen 1:1 hasabynda deň oýnady.

APL bäşinji tapgyr:

30.08

Sauntgempton — Çelsi 2:1; Fulhem — Braýton 2:1; Krystal Pelas — Brentford 1:1; Lids — Ewerton 1:1.

31.08

23:30 - Bornmut — Wulwerhempton; 23:30 - Mançester Siti — Nottingem Forest; 23:30 - Arsenal — Aston Willa; 23:45 - West Hem — Tottenhem; 23:59 - Liwerpul — Nýukasl.

1.09

23:59 - Lester — Mançester Ýunaýted.

Ýene degişli makalalar

Arsenal birinjiligi elden bermedi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
APL: Nýukasl ikinji orna geçdi
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
APL: Arsenal arakesmeden öň arany açdy