Kölegesiz adam. Türkmen döwlet habar gullugynyň emelsiz fotoşoby

Kira Kramer, “Türkmenistanyň Hronikasy” üçin

Türkmenistanyň döwlet habar gullugy her gün öz täzeliklerini ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýalpyldawuk suratlary bilen bezeýär.Ynha ol welosipedde, başga bir suratda bolsa dikuçaryň gapdalynda, ýene bir suratda uzaklary ýurduň ýagty geljegini görkezip dur. “Türkmenistanyň Hronikasy” käbir suratlarda fonuň we prezidentiň rakurslarynyň gabat gelmezligi, käbirlerinde onuň kölegesiniň bolmazlygy bilen gyzyklanyp, professional fotosuratçydan ýurduň birinji şahsyny fotografiýa nukdaý nazaryndan seljerip bermegi haýyş etdi.

1.

Bu fotosurat iki kadrdan ýelmenip ýasalan.Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy köçede, emma dikuçardan aýratynlykda surata düşürendikleri görünýär.Kepkanyň we uçaryň kölegeleriniň çüňkleri gabat gelýär, diýmek, olary şol bir wagtda diýen ýaly surata düşüripdirler.

Emma ony (prezidenti) başaga ýerde surata düşüripdirler.Berdimuhamedowyň fotosy kesilip alnyp, dikuçaryň suraty bilen bile goýlupdyr.Bu örän “gödeklik” bilen edilipdir, sebäbi ol ýaýagy bilen ýere basmaýar, ýokarda dur. Şeýle-de prezidentiň göwresiniň kölegesini çekmegi unudypdyrlar, suratda diňe dikuçaryň ýelkenleriniň kölegesi bar. Şu sebäpden fotosurat düýpden tebigy däl bolup görünýär.

Eger prezidentiň suratyny bolmanda bilinden kesseň, kadr biraz gowurak görnerdi. Şeýle-de, sport balaklaryndaky “Türkmenistan” diýen ýazgy ikirjiňledýär: ýa ol fotoredaktorda şeýle tekiz şekillendirilen, ýa-da eşigiň matasy gaty syk dokalan we ýazgy onda şeýle tekiz we endigan dur.

2.

Bu fotosurat üç kadrdan prezidentiň, dikuçaryň we fonuň şekillerinden ýasalan.Prezidenti köçede däl-de, bir binanyň içinde ak fonda surata düşürendikleri, ol ýerde ýagtynyň birn. Ýene-de fotosuratda prezidentiň kölegesi ýok, retuşçy (gaýtadan reňkleýji) betony garaltjak bolup çaşlypdyr, emma bu örän emelsiz syananyşyk bolup çykypdyr.

Dikuçar surata soň ýelmenipdir, sebäbi ol, siňe seretseň, biraz sozulan.Eger-de bu hili obeýekte el ursaň, garamtyl we ýagty tegmiller görnüşinde şekiller döreýär we olary hatda ulaltmazdan hem görüp bolýar.

Bu aýratyn-da dikuçaryň burun tarapynda gowy görünýär, ol ýerde örän egri kesipdirler, Dikuçaryň kölegesi hem soň çekilipdir, ol örän ýuka, hakykatda kölege biraz köp bolýar.

Fizikanyň ýönekeýje kanunlaryny bilseň, bularyň hemmesine ap-aňsat düşünip bolýar. Prezidentiň şeýle kiçijik kölegesi günüň örän ýokarda ýerleşýändiýini aňladýar, bu bolsa diňe ekwatorda ýa-da diňe tomusky gün säginmesinde mümkin.

Prezidentiň garnyny çekendikleri hem mese-mälim bildirýär. Sport lybasynda onuň ýaşyndaky erkekleriň garny adatça bildirýär (başga suratlarda muny görüp bilersiňiz). Bu suratda, birinjiden tapawutlylykda, keltekçe aşa endigan, tekiz otyr.

3.

Bu fotosurat fondan aýratynlykda düşürilen, şu sebäpli prezident halydan ýokarda duran ýaly görünýär. Şeýle-de oňa günüň ýagty salýan tarapyndan däl-de, başga tarapdan ýagty düşýär. Ýüzde we saçlarda kölege ýok, bu suratyň gün astynda düşürilmändigini aňladýar.

Göreçlerdäki ýylpyldylar çyranyň bir çeşmesiniň onuň öňünde oturdylandygyny aňladýar, çep eliň gapdalyndaky inçejil kölege hem şundan habar berýär. Ýene iki çyranyň çeşmesi gapdaldan oturdylan.

Piliň ýitilikde bolup, gumuň näme üçin sozulandygy düşnüksiz, belki-de ol gaýtadan çekilendir.

Araba fona kesgin gabat gelmeýär we ondan suratyň hili boýunça güýçli tapawutlanýar. Ol hem aýratynlykda goşulypdyr. Ýagny bu fotosurat üç suratdan fondan, Berdimuhamedowdan we arabadan ýasalaypdyr. Suratlaryň ählisi hil boýunça dürli-dürli. Arabanyň ýaramaz kesilişinden çen tutsaň, başda ol ak reňkli bolan, soň ony fotoredaktorda reňkläpdirler. Şeýle-de, piliň sapyna hem ýaşyl reňk we logotip çekilipdir.

Garna üns beriň. Mundan öňki fotosuratdan tapawutlylykda, bu ýerde garny “çekdirmändirler”.

4.

Prezident studiýada we çen bilen ak fonda surata düşüripdirler.Balagyň aşaky böleginde, aýakgabyň golaýynda ak tegmil figuranyň ýaramaz kesilmeginiň görnetin alamaty görünýär. Şeýle-de, figuranyň kölegesi gyradeň däl.

Aýakgabyň golaýynda ol güýçli, emma ýarym metrlikde, kartina bilen goýgujyň başlanýan ýerinde bolsa kölege ýaýraýar.Reallykda beýle zat mümkin bolmaýar.Kelledäki saçyň bejerilişi hem öňrän gyradeň, dikeleip duran saçlaryň ählisini gyrdeňleşdiripdirler.

5.

Bu ýerde suratdaky ýaşyl baglary başga fotografiýadan alyp goýandyklary görnüp dur.Belki-de, ondan öň ol ýerde şowsuz bir fon bolandyr.Onsoňam aýaklara üns beriň, adam ýerde duranda, ony suratda professionallygy ýabygorly fotoredaktorlar goýmadyk bolanlygynda bada-bat görünýär.

Ýene bir detal düşnüksizlik döredýär prezidentiň garny ýene aşa tekizlenen.

6.

Prezidenti aýratynlykda surata düşüripdirler.Bu penjegiň sag ýakasyndan görünýär, ol ýerden ýaşyl jähek gidýär.Men muny hromatik aberrasiýa goşup bilerdim, emma onda olar tutuş penjegiň daşyna egrilmeli, sebäbi fon hakykatda şol bir meňzeşlikde galýar. Ýöne beýle aberrasiýalar diňe maksimal açyk diafragmada peýda bolýar, şol bir wagtda fon sozulýar, emma fotosuratda ol, prezidentiň özi-de, ap-aýdyň.

ýene-de prezidentiň saçynby aşa, tebigy bolmadyk halda deňleşdiripdirler. Ol esasanam at bilen araçäkde tebigy däl bolup görünýär. Gaýtadan reňkleýjiniň ussatlygyny belläsim gelýär, bu ýerde ol beýleki işlerden tapawutlylykda, gowy edilipdir.

7.

Kelle örän tebigy däl bolup görünýär. Çep tarapda ýalpyldy bar, emma paltoda ol ýok.Diýmek, kelle iki çyranyň yşygynda surata düşürilipdir, palto bolsa bir yşykda surata düşürilipdir.Ol elinde görkeziji tutup dur, onuň kölegesi ýeňe düşýär.

Bu diňe bir çyranyň yşygy bolanda şeýle bolup biler.Eger prezidenti tutuşlygyna birnäçe çyranyň yşygynda birmeňzeş surata düşüren bolsalar, biziň ýüzde görýän ýalpyldymyz paltoda hem şöhlelenerdi, emma ol ýok.

Görkezijiniň kölegesi bolsa, birnäçe çyranyň yşygy zerarly pytrardy ýa-da birnäçe gezek şöhlelenerdi, emma biz beýle zat görmeýäris. Şu ýerden hem kelläniň göwrä soň ýelmenendigini görse bolýar.

8.

Prezidenti dagly basgançak bilen düşürilen peýzaža ýelmäpdirler.Bu ýerde düşürilen suratlaryň rakuurslary düýpden gabat gelmeýär.Eger bu bir kadr bolan bolsa, onda ol bir nokatdan düşürilerdi.Basgançakdan onuň ýokardan aşaklygyna, çüňkden surata alnandygyny görmek bolýar, prezident bolsa portret fotografiýasynyň ähli düzgüni boýunça surata düşürilipdir.

Möhüm pursat, basgançaklasryň we dagyň kölegesi aýdyň görünýär, diýmek, güneşli gün bolmaly, amm prezident ýene kölege salmaýar. Bu ýerde ýagty gowy saýlanan, eger prezidenti bilinden kesen bolsalar, otnositellikde tebigy surat bolardy, emma bu ýerde kölegede “ýandylar”.

9.

Prezidentiň suratynyň rakurslary we fony bilen bagly şol birmeňzeş ýagdaýlar.Bu ýerde ýene fokus aralyklary babatynda dissonans hem bar: köçe teleobýektiwde surata düşüirilipdir, prezident bolsa giň çüňkli obýektiwde.

Dürli fokus aralyklarynda dürli optiki ýoýulmalar bolup geçýär we bu bada-bat göze ilýär. Ýene ýol bilen onuň welosipeddäki ýagdaýynyň gabat gelmeýändigi görünýär.Belki-de ony gowy ýagtylandyrylan studiýada surata düşürendirler.

Belki-de ol bir ýerlerde tigir sürendir, tekerler ýülmenen, emma edil şu ýolda däldigi anyk.Eger yşygyň çeşmesini alsak, eger bu gün bolsa, onda ýagty çep ele we egne düşýär.

Emma onda yşygyň gözbaşy guşaklykda durýar onuň garnynyň çepindäki ak tegmil bolsa aýak bilen aşak düşýär.Onsoňam ol ýene kölege salmaýar.Bu näme boldugy?

10. Berk “çekdirilen“ garyn derrew göze ilýär. Bu ýerde mesele futbolkanyň teksturasynyň gowy bolup, onuň garna berk saralanlygynda.

Dikuçar barada aýdylanda, ol sozulan, emma guýrukdaky logotip örän aýyl-saýyl görünýär, ony gürrüňsiz ýelmän bolmalylar.Prezidenti köçede surata düşüripdirler, onuň gapdalynda ahyry kölege peýda boldy.

Berdimuhamedow we düşe- bular bir kadr, galanlary düşnüksiz.Görnüşinden, dikuçaryň asman bilen utgaşýan ýokarky bölegi başga kadrdan alnan bolmaly. Çal fon we asman hem kejikdiriji.Gorizontyň adekwat liniýasy ýok, ýagny gözýetime çenli beton boşlugy uzaýan ýaly, ýogsa Türkmenistan daglyk ýurt.

11.

Berdimuhamedow ýene kölege salmaýar. Ýene surat ikiwe dürli rakurslardan alnan suratlardan ýasalan: basgançagy ýokardan aşaklygyna surata düşüripdirler, ony bolsa döşünden.

Suratyň çözgüdi hem dürli-dürli: çyra prezidente garanda aýdyň we jikme-jik görünýär. Bu ýerde gaýatdan reňkleýjiniň hyzmatyny bellemeli, beýleki kadrlardan tapawutlylykda, ol prezidenti bolmanda “gyşyksyz” kesipdir, diňe gulak gowy kesilmedik.

Prezident başga, döwlet habar gullugy ýurda gelen myhmanlaryň suratlaryny hem gaýatadan reňkleýär. Bu ýerde, elbetde, hemme zat ýönekeý fotosuratlara näme üçindir “Watan” ýazgyly şol bir fotosuratlary ýelmeýärler.

Mikrofon bilen adamyň portretiniň çözgüdi hiç gabatlaşmaýar. Mikrofon açyk, emma adam biraz sozulan. Mikrofon, belki-de, çyndyr, emma hemme ýerde bir çüňküň aşagynda aşa ideal şekilde dur. Üçünji suratda bolsa mikrofonyň ýelmenendigi görünýär, sebäbi onuň kadryň çetine çykmaly tutary kesilýär. Kadrlaryň ählisinde mikrofonyň gyrasyndaky ýylpyldylaryň birmeňzeşdigi görünýär, mikrofon ýaramaz kesilen we tebigy däl ýagdaýda goýlan.

“Gurbanguly Berdimuhamedow köçede surata düşmegi halamaýar diýip netije çykarmak mümkin. Belki-de, howpsuzlyk aladalary sebäplidir, belki-de ol ideal ýagdaýda “fotoşoplanmagyny” isleýändir, onuň suratlarynyň ählisi studiýada we emeli yşykly, birmeňzeş fonda düşürilen.

Belleýärin, köplenç harsallykda kesilip-biçilen prezidentde hemişe öňki fotosuratlaryň bölejiklerini, rakurs bilen fonuň gabat gelmezligini we iň elhenji kölegäniň unudylmagyny görse bolýar. Prezident wampir däl, ol kölegesiz bolup bilmeýär” diýip, gotosuratçy sözüni jemledi.

Ine-de ahyry kontrast üçin prezidentiň hakyky kadrlary. Tapawut aýyl-saýyl, şeýle dälmi?

Ýene degişli makalalar

Basgançakdan ýöremek ýürek keselleriniň döremegini 20 göterim azaldýar
Artykmaç agramdan dynmaga kömek edýär
“Aşgabatliftiň” ätiýaçlyk serişdeleri gutarypdyr
Artykmaç ýaglarymyz we saglygymyz…
“Basgançakly” piramida myhmanlaryny kabul edip başlady