Artykmaç agramdan dynmaga kömek edýär

Lukmanlar artykmaç agramdan dynmagyň we fiziki beden gurluşyňy gowulandyrmagyň usullarynyň ýene-de biriniň pyýada ýöremekdigini öňe sürýärler.Pyýada ýöremegiň saglyk üçin peýdalydygy, onuň dem alyş, ýürek-damar ulgamlaryny ösdürýändigi, bedeniň kislorody özleşdirmek ukybyny gowulaşdyrýandygy, maddalaryň çalyşmagyny tizleşdirip, kadalaşdyrýandygy köpe mälimdir.Işleýän ýeriňe çenli pyýada gitmek, iş ýeriň juda uzak bolsa hem, iki-üç duralga öňräk düşüp, işe pyýada barmak fiziki işjeňligiňi artdyrmagyň esasy usullarynyň biridir. Şeýle hem, doly ýa-da käwagt lifte münmezlik juda täsirlidir.

Basgançakdan münüp-düşmek energiýany iň köp harç edýän türgenleşik bolup, uýluk üçin juda peýdalydyr. Şunuň ýaly-da bedenterbiýe bilen meşgullanmak, hatda dükanlara we bazarlara pyýada gidip gelmek hem peýdalydyr.

Beýleki şäherlere gezelenç etmek hem özüniň iň gowy netijesini berýär.

Ýene degişli makalalar

Artykmaç ýaglarymyz we saglygymyz…
Kölegesiz adam. Türkmen döwlet habar gullugynyň emelsiz fotoşoby
“Aşgabatliftiň” ätiýaçlyk serişdeleri gutarypdyr
Basgançakdan ýöremek ýürek keselleriniň döremegini 20 göterim azaldýar
“Basgançakly” piramida myhmanlaryny kabul edip başlady