Artykmaç ýaglarymyz we saglygymyz…

Artykmaç ýaglarymyz we saglygymyz…

Gepleşigimiziň bu sanynyň mowzugy: Artykmaç ýaglarymyz we saglygymyz…

Artykmaç ýag, parhyna barmasak hem saglyga howp salýan faktorlaryň başynda durýar. Aşa semizlik, ýaglanma sebäp bolýan agram, ýürek-damar kesellerinden süýji keseline çenli eneçema hassalyga sebäp bolýar.

Azyklaryň berýän energiýasy bedende sarp edilmese, ýag dokumasy görnüşinde birikýär we ýaglanma sebäp bolýar.

Artykmaç ýagyň zyýanlary

Aşa ýagyň berýan zyýanlary şulardan ybarat:

Motiwasiýanyň pesligi,

Bogunlarda, esasanda dyzda biynjalyklyk,

Ýanbaşyň agyrmagy,

Arkanyň agyrmagy,

Oňurganyň agyrmagy,

Yzgiderli ýadawlyk,

Dem almakda kynçylyk çekmek,

Basgançaklary çykmakda kynçylyk çekmek,

Ylgap bilmezlik,

Depginli ýörişde kynçylyk çekmek,

Uly razmerli geýimleri geýmäge mejbur bolmak,

Ýaşyňdan uly görünmek.

Ýaglanmanyň sebäpleri

Ýaglanma sebäp bolýan ençeme faktor bar.

Az hereket etmek we bedeniň sarp edýäninden köp kaloriýa iýmek,

Genetiki meýillilik,

Insuline bolan garşylyk,

Stress,

Gormonal kadasyzlyklar,

Emosional sebäpler.

Genetiki meýilliligi bolan adamlar, gündelik ýaşaýyş endiklerine üns bermän halatynda ýaglanarlar. Üns berilen halatynda ýaglanmadan halas bolmak mümkin.

Emosional sebäplerden iýýänler we şoňa bagly bolan ýaglanmada psihiki goldaw alynmaly.

Ýaglanmazlyk üçin görülmeli çäreler:

Giç ara nahar iýmezlik,

Hereket etmek we sport bilen meşgullanmak,

Taýýar azyklardan çetde durmak,

Aşa uglewod we ýagly azyklary sarp etmezlik.

Uky

Ýaglananyň esasy sebäplerinden biri hem kadasyz we saglyga zyýanly ukydyr. Kämillik ýaşyna ýeten adamlar ortaça 6-8 sagat uklamaly. Bedeniň dynç almagy we özüni täzelemegi taýdan möhüm bolan uky, ýeterlik alynmasa ýa-da kadasyz bolanda, metabolizmanyň tizligi peselýär we ýaglanma meýli ýüze çykar.

Sagdyn we deňagramly iýmitleniň

Sagdyn we deňagramly iýmitlenmek isleýän adamlar günde 2-3 porsiýa süýt we süýt önümlerini, 7-8 porsiýa bakça we miwe, naharlaryň arasynda 1-2 bölek galla çöregi, günde 1-2 porsiýa çörekden daşgary galla toparyna degişli azyklary, 2-3 porsiýa et, towuk ýa-da balyk bilen hepdede 2-3 gün gury kösüklileri, 2-3 gün balyk sarp edip sagdyn we deňagramly iýmitlenip bilerler.

Fisihiki hereket derejäňizi artdyryň

Iýmiýlenmegiň ýany bilen sagdynlygyň we bedeniň formuny gorap saklamagy üçin sport bilen meşgullanmak hökmanydyr. Fitness, maşk etmek, ýüzmek, ýöriş etmek ýa-da öýde edilýän ýönekeýn maşklar şol jähtden peýdalydyr. Hepdede azyndan 2-3 gün sport bilen meşgullanyň, ony ýaşaýyş endigine öwürmek, hem sagdynlygyň goralmagy we hassalyklaryň öňüniň alynmagy taýdan hem-de ýaglanma gözegçilik taýdan iňňän netijelidir.

Düzüminde süými ýokary bolan azyklary sarp ediň

Düzüminde süými ýokary bolan azyklar ter miwe we bakja önümler, galla önümleri we guradylan iýmişlerdir. Olaryň iýmitlenme meýilnamasyna goşulmagy bilen bedene gerek zururlyk kanagatlandyrylýar.

Witamin we mineral zerurlygyňyzy kanagatlandyryň

Şol çäkde bakja we miwe önümleriniň ýeterlik sarp edilmegi, ýagly tohumlaryň günde bir porsiýa sarp edilmegi, kaliý üçin süýt we süýt önümleriniň sarp edilmegi hökmany.

Probiotik azyklary sarp ediň

Metobolizmanyň işleýişini çaltlandyrmak üçin horlanmagy hem ýeňilleşdirýän probiotik bakteriýalaryň ýokary bolan azyklary gatyk, çal, kefir, peýnir, fermantasiýa edilen önümlerdir. Şol sebäpli iýmitlenmede bu azyklara hem ýeterlik orun berilmeli.

Içýän suwuňyzyň mukdaryny artdyryň

Ýag gözegçiligi taýdan günde azyndan 2-2,5 lirt suw içmäge üns berilmeli, çal, kompot, çaý we aýran ýaly suwk içgiler bu mukdara degişli edilmeli däl.

Saglyga zyýansyz garbanarlyklary iýiň

Ýaglanma gözegçilik etmek üçin zyýanly garbanarlyklaryň ýerine çig funduk, badam, hoz ýaly peýdaly gury iýmişleriň, ter we gury miweleriň, aşa köp bolmazlyk şerti bilen iýilmegi saglyk taýdan peýdalydyr.

Gysga möhletde horlanmaga çalyşmaň

Horlanmak isleýän adamlar sabyrly we berkarar bolmaly. Diňe bir horlanmagy däl, saglyga zyýansyz horlanmagy maksat edinmeli.

Ýene degişli makalalar

Artykmaç agramdan dynmaga kömek edýär
Ýöremegiň saglygymyza peýdalary
Insulin garşlygy bilen göreş
Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almagyň tebigy ýollary…
Galyndylaryň öňüni almak özüňize bagly
Bedeni gyş paslyna taýýarlamagyň usullary