Kömür beketlerini gurar

2023-nji ýylda Hytaýda umumy önümçilik kuwwaty 70 müň MW boljak kömür we tebigy gaz bilen işleýän elektrik beketleri işe giriziler. Ýurduň Elektrik geňeşi tarapyndan ýaýradylan maglumata görä, geçen ýyl işe girizilen adaty ýangyçly beketleriň umumy önümçilik kuwwaty 40 GW bolupdyr.

Şeýle-de bolsa, Hytaýyň gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçilik kuwwatynyň ösüşi bu ýyl hem adaty ýangyç energiýasynyň ösüşinden ýokary bolar.Geçen ýyl 65 GW gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçilik desgalary işe girizilen bolsa, 2023-nji ýylda bu görkezijiniň 100 GW bolar. Ýylyň ahyrynda ýurtda sarp edilýän energiýa önümçiliginiň 52 göterimi arassa çeşmelerden alnar.

Geçen ýyl bu görkeziji 49,6 göterim bolupdyr. Şeýlelikde ýurtda sarp edilýän energiýanyň arassa çeşmelerden alnan möçberi ilkinji gezek adaty çeşmeleriňkiden geçer.

Maglumatda geçen ýyl Hytaýda çig nebitiň we tebigy gazyň önümçiliginiň hem-de elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň artandygy mälim edildi. 2022-nji ýylda çig nebit önümçiligi 2,9 göterim artyp, 204,6 million tonna, tebigy gaz önümçiligi 6,4 artyp, 217,8 milliard kubmetr bolupdyr. Ýurduň Milli energiýa edarasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl ýurtda elektrik energiýasynyň sarp edilişi 3,6 göterim artyp, 8,64 trillion kW/sagat bolupdyr.

Kömür importyny 20 göterim artdyrdy

Geçen ýyl Hytaýyň kömür importy ozalky ýyla garanyňda 12,6 göterim azalyp, 170,71 million tonna bolupdyr.Russiýadan alýan kömri bolsa, 20 göterim artyp, 68 million tonnadan gowrak bolupdyr.

Hytaýyň goňşy ýurtdan alýan kömri ýylyň soňky aýynda bolsa, pese gaçypdyr.Bu ýurt Russiýadan noýabr aýynda 7,16 million tonna kömür satyn alan bolsa, dekabrda 6,89 million tonna düşüpdir.

Bu görkeziji 2021-nji ýylyň dekabrynda 4,08 million tonna bolan eken.

Ýene degişli makalalar

Goşa ganatly ýel turbinasy
Türkmen wekiliýeti Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň XV gurultaýyna gatnaşdy
Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýa gurlar
Türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
Russiýa Türkmenistan bilen wiza düzgünini ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýyn, Minnihanow Arkadag şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy, Türkmenistanda iň meşhur sürüjilik derejesi mälim edildi we beýleki habarlar