Köneürgenç etrabynda täze döwrebap obanyň gurluşygy dowam edýär

Köneürgenç etrabynda täze döwrebap obanyň gurluşygy dowam edýär

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Täze ýol geňeşliginiň çäginde ýerleşýän täze häzirki zaman obasynyň gurluşygy dowam edýär. Häzirki wagtda binalaryň köpüsiniň gurluşyk işleri tamamlandy diýlip, Türkmenistan: Altyn asyr saýty tarapyndan habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Onda jemgyýetçilik we medeni desgalaryň arasynda 420 okuwçy üçin niýetlenen häzirki zaman orta mekdebi we 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, medeniýet öýi, aragatnaşyk öýi, toý dabaralarynyň häzirki zaman merkezi boljak 500 orunlyk Toý mekany, ýarym gektar meýdanda ýerleşýän ýapyk bazary bolan söwda merkezi, senagat we azyk dükanlary, ýangyn deposy we beýleki desgalar bar.

Täze şäherçe dolandyryş, durmuş-medeni taýdan we önümçilik maksatly dürli binalardan ybarat bolar. Ähli işler tamamlanandan soň, ýaşaýyş jaý gorlary täze ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklary üpjün edýän iki gatly kottejleri bilen dürli görnüşli ýüzlerçe amatly jaýlardan ybarat bolar.

Şäherçe inžener-tehniki kommunikasiýalaryň ösen ulgamyna eýe bolar. Onuň üçin bu ýerde Hanýap kanalynyň we golaýda ýerleşýän kollektoryň üstünden täze awtomobil köprüleri guruldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzda suw ýetmezçiligi ýitileşýär, hatardan çykýan ýer köpelýär - hünärmen
Daşoguzly şalyçylar suw arzlarynyň diňlenmeýändigini aýdýarlar
Bodruma ägirt uly gämi bilen 4 müň 187 syýahatçy geldi
Gawaýidäki tokaý ýangynlary dowam edýär
Hindistanly 60 kilogram horlanmagynyň syryny paýlaşdy
Oba hakykaty: Adamlar çykalgany lapykeçliklerini aýtmakda görýärler