Köp brendli Artishok Home Concept dükany ajaýyp gap-gaçlary we aşhana enjamlaryny alyjylara ýetirýär

Köp brendli Artishok Home Concept dükany ajaýyp gap-gaçlary we aşhana enjamlaryny alyjylara ýetirýär

Dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan dürli hili brendleriň gap-gaçlaryny alyjylara hödürleýän Artishok Home Concept dükany aşgabatlylara we paýtagtyň myhmanlaryna 15-den gowrak türk brendleriniň köpdürli görnüşli owadan gap-gaçlary bilen tanyşmagy teklip edýär.

Dükanda farfordan, faýansdan, keramikadan, aýnadan we dürli berk materiallardan ýasalan gaplar, şeýle-de aşhana üçin dokma hem-de beýleki enjamlaryň giň haryt görnüşleri bar.

Artishok Home Concept öz gezeginde baýramçylyk stollarynyň bezegi we gündelik nahar stoluna ajaýyp gelşik berjek stol görnüşlerini, stollaryň täsin gap-gaç toplumlaryny hem-de güldanlar, şemlikler, heýkeljikler we ş.m ýaly beýleki bezeg aksessuarlaryny özünde jemleýär.

Bu ýerde zähmet çekýän tejribeli hünärmenler, şol sanda dizaýnerler öýleriň interýerine we müşderiniň isleglerine kybap geljek dürli stildäki, şeýle-de reňkdar gap-gaçlary hem-de aksessuarlary saýlap almakda ýerlikli maslahatlary berýärler.

Artishok Home Concept dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 99-njy jaý.

Goşmaça maglumatlary almak üçin (+993 61) 38 62 28 telefon belgisine jaň edip ýa-da şu belgi boýunça dükanyň IMO we ICQ messenjerleri arkaly, şeýle-de sosial media hasabyna birigip habarlaşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylda dünýäniň iň girdejili kompaniýalary
Galibaf: ABŞ-nyň Eýrana garşy maýa goýumlary medeniýet pudagyna üýtgedi
Ynkylabyň ýokary derejeli lideri: Yslam respublikasy ulumsylygyň ýedi kelleli aždarhasyny şowsuz edendir
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň, Eýranyň global ulumsylygyny yza çekendigini nygtamaklary
Hermitage Home Interiors çaga otagynyň özboluşly bezegini işläp düzýär
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: Yragyň Eýrana garşy alyp baran söweşi, eziji düzgüniň imperiýa strategiki syýasatynyň netijesidir