Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň, Eýranyň global ulumsylygyny yza çekendigini nygtamaklary

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň, Eýranyň global ulumsylygyny yza çekendigini nygtamaklary

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hz. Aýatolla Hameneý , Eýranyň global ulumsylygyny yza çekendigini yglan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hz. Aýatolla Hameneý, Ahle-Beýt (AS) Bütindünýä Assambleýasynyň agzalaryna we bu mejlisiň 7-nji gurultaýyna gatnaşýan myhmanlara ,Ahle-Beýtiň ylhamy bilen Yslam respublikasy ýedi kelleli ulumsylyk aždarhany yza çekip, öňe gitdi diýdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň lideri, beýleki halklaryň gorkuzma garşy durmaga höweslendirilmegini global ezijileriň gahar-gazabynyň we duşmançylygynyň sebäbi hasaplap ,Amerikanyň dürli ýurtlardaky jenaýat meýilnamalaryny zyýansyzlandyrmak, Eýranofobiýanyň we Şaýofobiýanyň berk wagyz edilmegine sebäp boldy diýdiler.ABŞ-yň jenaýat meýilnamalaryny biri terrorçy DAEŞ toparydyr,emma Eýran bu terrorçylary ýogaldandyr diýip ol Hezretleri aýtdylar.

soňky dört onýyllygyň dowamynda Yslam Rewolýusiýasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ulgamynyň ýene bir möhüm tarapy, Eýranyň daşary syýasatynda orunlary eýelän tekepbirlige garşy durmakdyr.Tekepbirlige garşy durmak Bu mesele Eýran Konstitusiýasynyň 152-nji maddasynda-da nygtalýar.

Aslynda, Yslam Rewolýusiýasy dünýäniň syýasy edebiýatynda täze usuly ýola goýdy,bu bolsa Garaşsyzlyk isleýjilik we ulumsylyk bilen garşylaşmak ruhy bolýan onuň tapawutly aýratynlyklaryndandyr.Yslam rewolýusiýasynyň syýasy edebiýatynda ençeme gezek ulanylan ulumsylyk sözi Gurhanyň taglymatlaryndan gelip çykýar.

Bu söz ýerdäki artykmaçlygy aňlatmagy aňladýar we özüni güýçli we agalyk ediji hasaplamakdyr.

Eýran Yslam Respublikasyny esaslandyryjy Ymam Homeýni (RA) tekepbirlige garşy durmagy köp nygtapdylar.

Munuň nyşany, häzirki döwürde beýik şeýtan hökmünde Amerikanyň syýasatlaryna we hereketlerine garşy durmakdyr. Soňky dört onýyllygyň dowamynda Amerikanyň Yslam ulgamyna garşy alyp barýan duşmançylykly hereketlerine we erbetliklerine hemişe şaýat bolduk, Günbatar blogyň başynda durýan Waşington bu sistema garşy ähli mümkinçiliklerini we güýçlerini ulanandyr.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ulumsy tebigatyny doly aňlan Hezreti Ymam(RA), bu barada ençeme gezek duýduryş beripdiler we ABŞ bilen netijeli gapma-garşylyga ünsi çekipdiler. Şol bir wagtyň özünde, Hz.Ymam Homeýni Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşine sebäp bolan Yslamyň ulumsylyga garşy görnüşini diňe Eýranyň geografiki çägine degişli hasaplaman, eýsem ähli ezilenler üçin bejeriş wersiýasy hasapladylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hz.Aýatolla Hameneýiniň ýolbaşçylygynda Eýranyň ulumsylyga garşy çemeleşmesi hem çynlakaý dowam etdirildi.ABŞ-nyň agalyk edijilikli meýilnamalaryna köpdür,şol sanda, Jorj W.

Buşuň prezidentlik döwürinde Beýik Günbarar Aziýany döretmek meýilnamasy,Barak Obamaň prezidentlik döwürinde DAEŞ ýaly Täkfiri terrorçy toparlaryna goldaw bermegi we Donald Trumpyň prezidentlik döwründe sionist režimi bilen sebitdäki käbir arap ýurtlaryň gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagydyr, ýöne Eýran bu meseleler bilen garşylaşandyr.

Ýene degişli makalalar

Ynkylabyň ýokary lideri: kimdir biri Yslam respublikasynyň berk agajyny ýykmagy galat edip ýadyna alar
Içeri işler ministri: Mezhepleriň arasyndaky jebisligi güýçlendirmek zerurdyr
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň duşmanlara garşy garşylyk ýoluny dowam etdirmäge ünsi çekmekleri
Amir Abdullahýanyň 36-njy Yslam Agzybirligi konferensiýasynyň myhmanlary bilen duşuşygy
Aşgabadyň EuroHome TM dükanynda hemişelik bolýan arzanladyşlar barada gürrüň berdiler
Döwrebaplygyň kerwenbaşysy: Hermitage Home Interiors santehnika enjamlarynyň we wanna mebelleriniň ajaýyp kolleksiýalaryny hödürleýär