Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Hazar deňziniň suw giňişliginde deňiz gämisine edilen hüjüm barada maglumatlar çap edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle hereketleriň ýol berilmesizdigini beýan edýär.

Türkmenistan hazarýaka döwletleriniň biri bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurt hökmünde Hazar deňziniň parahatçylygyň, agzybirligiň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzidigini belleýär.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy

Ýene degişli makalalar

KHBS üçin maglumat
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Täze bazarda işlejek adamlaryň 'üç arkasy' barlanýar
'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi
Nowaýynyň Owganystandaky heýkeliniň ýykylmagy Türkmenistanda we Özbegistanda nägilelik döretdi