TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibindäki birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki bilim we medeni taslamalaryň birnäçesini ilerletmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary öňde boljak çärelere, şol sanda 2026-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen ýokary we iň ýokary derejelerdäki köptaraplaýyn çärelere hem ünsi çekdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy esasynda geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iň Metbugat gullugy

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI R.MEREDOWYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI S.LAWROW BILEN GYSGA WAGTLYK DUŞUŞYGY BARADA
Germaniýa Ukraina Iris-T SLM kysymly howa goranyş ulgamlaryny berdi
NATO-nyň Baş sekretary Russsiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi
Suwuň ýüzünde hereket edýän welosiped
Aýa syýahatda ikinji tapgyr, yza süýşürilen uçuş amala aşyryldy