Suwuň ýüzünde hereket edýän welosiped

Täze Zelandiýada suwuň ýüzünde sürüp bolýan welosiped işlenip düzüldi.Sagatda 20 kilometr tizlik bilen hereket edýän ulagy deňizde, derýada, kölde sürüp bolýar.Elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň bahasynyň 9 müň dollardygy mälim edildi. “Hydrofoiler SL3” atly welosipediň ilkinji nusgasy 2017-nji ýylda öndürilipdir. “Manta5” kompaniýasy bu ulagyň “ýarym uçar, ýarym welosipetdigini” aýdýar.

Ulag sürüji pedaly aýlanda yz tarapdaky periň aýlanmagy bilen hereket edýär.

Bu ýagdaý ulagyň öňe hereket etmegini üpjün edýär. Şeýle hem ulagyň elektrik energiýasy bilen işleýän motory bar.Belli bir tizlige ýetenden soňra “Hydrofoiler SL3”-iň öňündäki we yzyndaky “ganatlar” biraz ýokary göterilip, suwuň ýüzünde gitmegini üpjün edýär.

Suwuň üstünde welosiped sürmegi öwrenmek üçin bolsa 40 minutyň ýeterlikdigi bellenilýär.Kompaniýanyň wekilleri bu ulagyň kiçi gaýyklaryň bäsdeşi boljakdygyny belleýär.Uzynlygy 2,2 metre, ini 2 metre we beýikligi 1,4 metre ýetýän ulagyň agramy 40 kilogram.

Güljeren Orazgylyjowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

24.09.2017 | Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy
25.09.2017 | Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri
29.01.2018 | Türkmen kikboksing türgenleri halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler
Türkmen kikboksing türgenleri Finlýandiýanyň açyk çempionatynda 12 medal gazandylar
Türkmenistanly pälwan Aziýa oýunlarynda dopingde tutuldy