Körpeleri çagalar edebiýaty bilen tanyşdyrmak

Aşgabat şäherinde ýerleşýän 111-nji çagalar bakja bagynda ,,Körpeleri çagalar edebiýaty bilen tanyşdyrmak’’ ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri bilen bilelikde söhbetdeşlik gurnaldy.

Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri tarapyndan çagalary gyzyklandyrýan ertekiler, tapmaçalar, nakyllar we çeper okaýyş gurnaldy.Bu bolsa çagalarda kitap okamaga bolan höwesini has-da artdyrdy.Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Körpeleriň kitaba bolan söýgüsi
Körpeleriň ertekilere bolan söýgüsi
Türkmen halk matallary
Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Soltan Loftda çagalaryň dabaralary üçin ajaýyp şertler döredilen
Ecodrink-de bir bulgur hoşboý ysly kofe bilen şäheriň şowhunyndan dynç alyň