Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Körpeleriň ertekilere bolan söýgüsi ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň ylymly, bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigi, körpeleriň aň-bilim we ruhy ösüşinde, olary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemekde ertekileriň ornunyň örän gymmatlydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okap berdiler hem-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary barada çagalaryň arasynda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda gelejegimiz bolan çagalar hakynda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
