Çagalaryň şatlygy köňülleriň buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Çagalaryň şatlygyköňülleriň buýsanjy ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmenistan Watanymyz bagtyýar çagalygyň mekanydygyny, körpe nesilleriň saglygy, olaryň döwrebap derejede dynç almagy, okap-öwrenmegi barada döwletimizde ähli şertleriň döredilýändigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berildiler we öwüt-ündew etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Medeniýet kalplary ýakynlaşdyrýan gymmatlyk
Älem şaýat ýüwrük bedew badyna, Türkmenistan, eziz ýurdum Garaşsyz!
Bagtyýar çagalygyň sapaly günleri
Körpeleriň ertekilere bolan söýgüsi
Kitaplar täsinlikler dünýäsi