KOICA Maryda gaz pudagy boýunça professional okuw merkezini gurnar

Aşgabatda Türkmenistan bilen Koreýa respublikasynyň arasynda nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan konferensiýa boldy diýip, Neftegaz.ru habar agentligi 29-njy noýabrda habar berdi.

Koreýanyň halkara hyzmatdaşlygy agnetligi KOICA-nyň Mary welaýatynda gaz pudagy boýunça professional okuw merkezini gurnajakdygy yglan edildi. Bu taslama hökümetiň maliýe goldawyny bermeginde durmuşa geçiriler.

Koreýäly hünärmenler hasabat bilen çykyş edip, öz ýurtlarynyň ykdysady ösüş modelini, husuan-da nebit-gaz pudagyny görkezdiler we gaz işläp bejeriş pudagyndaky tehnologiýalar hem-de kömürturşy gazlary gaýtadan işlemek hakynda gürrüň berdiler.

Ýene degişli makalalar

TOPH taslamasyna gatnaşýan Pakistan Orsýet bilen gaz ylalaşygyna gol çekýär
Azerbaýjan Transhazar boýunça türkmen tarapynyň tekliplerine seretmäge taýýar
Ýewrokomissar Türkmenistana Azerbaýjanyň üstünden ÝB-ne gaz ibermegi teklip etdi
Rosteh Türkmenistana gaz turbinaly dwigatelleri iberer
02.08.2019 | Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar