Ýewrokomissar Türkmenistana Azerbaýjanyň üstünden ÝB-ne gaz ibermegi teklip etdi

Ýewropanyň býujet we adam serişdeleri boýunça komissary Günther Oettinger Bakuda Günorta gaz koridory (GGK) boýunça geňeşiň mejlisinde Türkmenistanyň Azerbaýjanyň üstünden ÝB-ne gaz ibermegi baradaky tekliup bilen çykyş etdi.

Oettinger Azerbaýjandan iberilýän gazy ýylda 20-25 mlrd kubmetre ýetirmek planyny beýan edip, bu taslama Türkmenistanyň hem gatnaşmagyny teklip etdi.

“Gaz öndürýän Azerbaýjan Hazaryň gündogar kenarlarynda energiýa serişdeleri bolan ýagdaýynda Gürjüstanyň we Türkiýäniň üstünden Ýewropa gaz ibermek boýunça öz mümkinçiliklerini teklip etmäge taýýardygyny ençeme gezek aýan etdi.

Bu Azerbaýjandan we ÝB-den Türkmenistana edilen teklip, karary Aşgabatdaky hökümet eder” diýip, ýewrokomissaryň sözlerini “Neftegaz” neşiri sitirleýär.

Oettinger türkmen gazyny Azerbaýjanyň üstünden nähili ýagdaýda iberip boljakdygyny anyklaşdyrmady, Türkmenistanyň GGK-a gatnaşmagynyň şertlerini hem aýtmady.

Uzynlygy 3,5 müň km we bahasy $40 mlrd bolan GGK Azerbaýjana Ýewropa gaz ibermek mümkinçiligini berer. Bu taslamanyň serişde bazasy Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki Şahdeňiz gaz ýatagy bolup durýar. GGK-nyň düzümine Günorta-Kawkaz gaz geçirijisi (GKGG), şeýle-de Transanotoliý (TANAP) we Transadriatik (TAR) gaz geçirjileri girýär.

Ýene degişli makalalar

TOPH taslamasyna gatnaşýan Pakistan Orsýet bilen gaz ylalaşygyna gol çekýär
KOICA Maryda gaz pudagy boýunça professional okuw merkezini gurnar
Azerbaýjan Transhazar boýunça türkmen tarapynyň tekliplerine seretmäge taýýar
Rosteh Türkmenistana gaz turbinaly dwigatelleri iberer
02.08.2019 | Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar