Kolonna: Fransiýa Türkmenistanyň daşary syýasat diplomatiýasyna ýokary baha berýär

Kolonna: Fransiýa Türkmenistanyň daşary syýasat diplomatiýasyna ýokary baha berýär

Türkmen wekiliýeti Fransiýada saparda bolmagynyň çäklerinde, 5-nji sentýabrda bu ýurduň daşary syýasat edarasynda gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen bilen bolan duşuşygynyň dowamynda türkmen-fransuz strategik hyzmatdaşlygynyň iler tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdy.

Fransiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi habar bermegine görä, ministrler syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, daşky gurşaw, energiýa we senagat-gurluşyk pudaklarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikler esasynda ösdürmegiň ugurlary barada maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki tarap hem hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler.

Metanyň zyňyndylaryny azaltmak we suw baýlyklaryny dolandyrmak bilen baglanyşykly umumy gyzyklanma döredýän meselelere aýratyn üns bermek bilen, bu ugurlarda ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine hem üns berildi. Hanym Katrin Kolonna Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky ornuna we pugta parahatçylyga esaslanýan daşary syýasat diplomatiýasyna ýokary baha berdi. Türkmenistanyň kanuna esaslanýan we BMG-niň Tertipnamasyna hormat goýmak arkaly sebit we halkara gün tertibi boýunça amala aşyrýan işlerine minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň ahyrynda taraplar Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2024 — 2026-njy ýyllar aralygynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnama we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly Beýannama gol çekdiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen wekiliýeti 4-5-nji sentýabrda Fransiýada saparda bolmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklara gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Parižde Rasizm we Yslam Garşydaşlygy Protest Edildi
Türkmenistanyň we Fransiýanyň Daşary işler ministrlikleri hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler
Hakan Fidan Fransiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar
Çakdanaşa semizligiň esasy sebäpkäri tapyldy
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Hindistanda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda häzire çenli dört medal gazandylar