Raşida Dati Fransiýanyň medeniýet ministri boldy

Raşida Dati Fransiýanyň medeniýet ministri boldy

Fransiýanyň öňki Prezidenti Nikolýa Sarkoziniň egindeşi Raşida Dati ýurduň täze medeniýet ministri boldy, bu barada BFMTV teleýaýlymyna salgylanýan Report.az habar berdi.

Häzirki wagta çenli Dati Parižiň 7-nji okrugynyň edara başlygy bolup işleýärdi. Ol 2022-nji ýylyň maýyndan bäri Medeniýet ministrligine ýolbaşçylyk eden Rimu Abdul-Malagy çalşar.

Respublikaçylar partiýasynyň agzasy Dati Sarkoziniň geňeşçisi bolup işledi, Sarkozi Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soňra ol Fransiýanyň ýustisiýa ministri boldy.

Neşir Stefan Sežurneniň Fransiýanyň daşary işler ministri wezipesine bellenendigini habar berýär. Sežurne bu wezipede Katrin Kolonnany çalyşdy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Moldowanyň Daşary işler ministri Türkmenistana sapar etmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan, Ýaponiýa ikileýin salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada ylalaşyk baglaşdylar
Türkmenistan we Malaýziýa energiýa pudagyndan daşgary hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýranyň energetika ministri bilen duşuşyk geçirildi
Eýranyň Energetika ministri bilen hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025: Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komiteti çäreleriň taýýarlygyny maslahatlaşdylar