Moldowa Respublikasynyň wise-premýeri, daşary işler ministri Mihaý Popşoý Türkmenistana resmi sapar etmegi meýilleşdirilýändigi barada Moldowanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Moldowanyň Baş diplomaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Moldowanyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz goldaw berýändigini tassyklady.
Taraplar özara gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça dialogy we utgaşdyrmagy berkitmegiň mehanizmi hökmünde iki ýurduň arasyndaky syýasy geňeşmeleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny hem-de ilkinji nobatda energetika ulgamyny dowamly ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenip geçildi.
Mihaý Popşoý Türkmenistana sapar etmek baradaky çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki saparyň moldowa-türkmen gatnaşyklaryny giňeltmek we ösdürmek üçin oňyn mümkinçilik boljakdygyny nygtady.
Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy.