Türkmenistanyň we Moldowanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Mihai Popşoýyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň we Moldowanyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn bellendi.

Moldowa Respublikasynyň wekiliýetiniň şu ýylyň awgust aýynda Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) işjeň gatnaşandygy nygtaldy.

Ministrler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlygy bilen baglanyşykly meselelere hem garadylar.

Ýene degişli makalalar

AŞGABATDA BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
ÝB, Ukraina we Moldowa Bilen Agzalyk Gepleşiklerine Başlaýar
Moldowada doly gatyşykly çabga oba hojalyk ekinleriniň 1,8 müň gektaryny ýok etdi
Türkmen wekiliýeti sebitleýin maslahata gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti halkara parlament forumyna gatnaşar
Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşi geçýär, ulag hereketi bölekleýin çäklendirilýär