Türkmen wekiliýeti halkara parlament forumyna gatnaşar

Türkmen wekiliýeti halkara parlament forumyna gatnaşar

Türkmen wekiliýeti 10-njy iýunda Duşenbe şäherinde geçiriljek Halkara parlament forumyna gatnaşar. Bu barada Howar habarlar saýty habar berdi.

Forum Duşenbe şäherindäki Täjigistanyň Milli kitaphanasynda geçirilip, Suw serişdelerine we demografiki durnuklylyga ýaşlaryň gyzyklanmalary şugary astyna guralar. Oňa Türkmenistan, Ýaponiýa, Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan, Pakistan, Belarus Respublikasy, Azerbaýjan, Gruziýa, Malaýziýa, Ermenistan, Awstriýa, Bosniýa we Gersogowiný, Moldowa, Nepal we Rumyniýa ýaly 20-den gowrak döwletden wekiliýetler gatnaşar.

Forumyň dowamynda suw diplomatiýasy, suwdan tygşytly peýdalanmak, bu ugurda degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmekde hyzmatdaşlyk etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
'Pul üçin söweşýär'. Ukrainadaky urşa gatnaşýan türkmenler barada maglumat köpelýär
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Italiýa bilen Demirgazyk Irlandiýa, Türkiýe bilenem Rumyniýa duşuşar