Koloradoda serhoş sürüji tussag edilmekden gaçyp, it bilen ornuny çalyşdy

Koloradoda serhoş sürüji tussag edilmekden gaçyp, it bilen ornuny çalyşdy

Tizligi ýokarlandyran serhoş sürüji tussag edilmekden gaçyp, ýolagçynyň ornunda oturan itini ruluň başyna geçirdi diýip, USA today neşirine salgylanýan Inform.kz ýazýar.

Springfild şäherinde ulagy saklan poliseý awtoulagyň içinde bolup geçýän geň hadysanyň şaýady boldy. Serhoş sürüji gapdalynda hiç zada düşünmän, hekgerip oturan köpegini ruluň başyna geçirjek bolup jan edýärdi.

Ol ýanyna gelen poliseýe ulagy özüniň däl-de, itiniň sürüp gelýändigini ynandyrjak boldy. Haçanda, poliseý: Içgilimiň? diýip soranda, ol ökje götermek bilen boldy. Emma sürüjä uzaga gaçmak başartmady, onuň yzyndan poliseýler tiz ýetdiler. Oňa ulagy serhoş halda dolandyrandygy, saklananda garşylyk görkezendigi hem-de tizligi ýokarlandyrandygy üçin aýyplama bildirdiler.

It barada aýdylanda, ol tä eýesi tussaglykdan boşaýança sürüjiniň tanşyna berildi.

Ite hiç hili aýyplama bildirmedik, ony goýberdik diýip, polisiýa edarasynda degişdiler.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Londonda we Parižde saparda boldy
Türkmen "bagtyýarlygynyň" aýallara ýetýän bölejigi bilermeniň pikiri
Ildeşlerimiz çalt küşt boýunça kümüş we bürünç medal eýelediler
Türkmenistanly ýetginjekler çalt oýnalýan küşt boýunça Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş we bürünç medala mynasyp boldular
Läle Şöhradowa küşt boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Türkmenistanly küştçüler Günbatar Aziýanyň çempionatyny üç medal bilen tamamladylar
Koştepa kanalynyň böwsülmegi netijesinde, suw köp ýeri basdy