Kolumbiýada 6,6 bal ululygynda ýer titreme boldy

Kolumbiýada 6,6 bal ululygynda ýer titreme boldy

Kolumbiýanyň Geologiýa gullugy güýç merkezi ýurduň Akandi şäherçesine 41 km alysda ýerleşýän Karip deňizinde bolup geçen 6,6 bal ululygyndaky ýer titremäniň, ýerli wagt bilen sagat 10:05-de we ýeriň 30 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.

Kolumbiýanyň Geologiýa gullugy birnäçe minut soň bolsa güýç merkezi Karip deňizi bolan 4,6 bal ululygyndaky ýene-de bir ýer titremäniň bolandygyny mälim etdi.

Milli Apat töwekgelçilik dolanşyk edarasy ýer titreme sebäpli häzirki wagta çenli adam pidalarynyň ýa-da ýaralanmalaryň bardygy barada maglumat alynmandygyny beýan etdi.

Ýer titreme Antiokiýa, Kordoda we Çoko welaýatlarynda we goňşy Panama döwletinde hem duýuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 5,3 magnitýudly ýer yranmasy boldy
Kanadanyň “Condor Energies” kompaniýasy Gazagystanda litiý çykaryp başlar
Argentinada 6,6 bal ululygynda ýer titreme boldy
Alýaskada 7,2 bal ululygynda ýer titreme boldy
Indoneziýada we Peruda ýer titremeler boldy
Tongada ýer titremesi boldy