Kolumbiýalylary suw tygşytlamak üçin az ýuwunmaga çagyrdylar

Kolumbiýalylary suw tygşytlamak üçin az ýuwunmaga çagyrdylar

Kolumbiýanyň Bogota şäheriniň ýaşaýjylaryny suwuň sarp edilişini azaltmak üçin iki bolup suwa düşmäge, eger öýde galmakçy bolsalar, asla suwa düşmezlige çagyrdylar. Bu barada The Guardian neşirine salgylanýan Ren.tv habar berýär.

Munuň sebäbi 2024-nji ýylda Günorta Amerikada El-Nino hadysasy sebäpli güýçli guraklyk hasaba alynýar. Netijede, suw ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, häzirki suw gorlary takmynan 54 güne ýeter.

Munuň üçin Bogotanyň häkimiýetleri şäheri dokuz zolaga bölüp, olarda nobatma-nobat 24 sagatlap suw üpjünçiligini kesmekçi bolýarlar. Şeýle-de eger ýaşaýjylary ýekşenbede we hepdäniň islendik gününde öýlerinden çykmak meýilleri bolmasa, ýuwunmazlyga, gymmatly suwy tygşytlamaga çagyrýarlar.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýanyň prezidenti Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini aýtdy
Türkiye Respublikasynyň 100-nji ýyly dünýäniň dört künjeginde bellenilip geçilýär
Türkiye Respublikasynyň 100-nji ýyly dünýäniň ençeme ýurdunda bellenilip geçilýär
Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary sebäpli daşary ýurtlar öz raýatlaryny ewakuasiýa etmäge dowam edýär
“Titanic: Honor and Glory” wideo oýnunda türkmen halysy şekillendirilýär
Haýwanlary goraýjylar öküz uruşlaryny ýatyrmagy talap edýärler