Kongo Demokratik Respublikasynda başbozarlaryň guran hüjüminde 14 adam ýogaldy

Kongo Demokratik Respublikasynda başbozarlaryň guran hüjüminde 14 adam ýogaldy

Milli metbugatda berilen habarlara görä, Demirgazyk Kiwu welaýatynyň Lubero şäherçesi Demokratik alýans güýçleri (ADF) atly başbozar toparyň hüjümine sezewar galdy.

Hüjümde asuda ilatdan 14 adam ýogaldy.

Ugandada we KDR-da 1990-njy ýyllaryň ahyrynda işjeň bolmaga başlan ADF topary, Ugandanyň Milli azat ediş goşunynyň, Ugandanyň musulman azat ediş goşunynyň we Teblig jemgyýeti ýaly hereketleriň ozalky agzalarynyň bir ýere jemlenmegi bilen emele geldi.

ADF topary tarapyndan guralan hüjümlerde 2014-nji ýyldan bäri asuda ilatdan müňlerçe adamyň ýogalandygy, 100 müňlerçe adamyň başga ýerlere göçmäge mejbur galandygy çak edilýär.

Ýene degişli makalalar

Ertir 35-nji Afrika Milletler Kubogyna badalga berler
Salah milli toparyna 90-njy minutdan soň ýeňiş getirdi
Faworitler ýeňiş bilen başlady
1/8 finala çykan toparlar belli boldy
Putin 28-nji iýulda Afrika liderleri bilen duşuşar
KDR-da 548 gozgalaňçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
KDR-da gozgalaňçy toparyň guran hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 50 adam ýogaldy