Kononenko kosmosda 1 müň gije-gündizden köp bolar

Kononenko kosmosda 1 müň gije-gündizden köp bolar

RF-iň Roskosmos döwlet korporasiýasy Halkara kosmos stansiýasyna uzak wagtlap ugrajak 70-nji we 71-nji ekspedisiýalaryň düzümine Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Oleg Kononenkonyň we Nikolaý Çubuň, şeýle hem NASA-nyň astronawty Loral O'Haranyň girizilendigini habar berdi. Bu barada Vesti.ru ýazýar.

Topary HKS-a 2023-nji ýylyň sentýabrynda Soýuz MS-24 kosmos gämisi elter. Kononenko we Çub stansiýada 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli galar we Souz MS-25 kosmos gämisi arkaly Ýere gaýdyp gelerler.

Şunlukda, Kononenko kosmosda 1 müň gije-gündizden hem köp wagtlap bolan adam hökmünde taryha girer. Ol öň umumy dowamlylygy 736 gije-gündize deň bolan dört kosmos uçuşyny amala aşyrdy.

Bu gezekki saparyň barşynda Kononenko 878 gije-gündizläp kosmosda bolan Gennadiý Padalkiniň rekordyny täzelär.

Ýene degişli makalalar

Oleg Kononenko älemde bolmakda dünýä rekordyny täzeledi
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdeligine bellendi
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Russiýanyň Parahatçylyk gaznasy tarapyndan sylaglanyldy
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam hökmünde hasaba alyndy